Türkmenistanyñ esasy häsiýetnamasy

Türkmenistan dolandyryş çäk gurluşy boýunça welaýatlara, etraplara, welaýat we etrap hukukly şäherlere bölünýär. Ozalky TSSR Ýokary Soweti indi Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti), Minstrler Soweti (hökümeti) Ministrler Kabineti diýip atlandyrylýar. Welaýatlara etraplara häkimler bellenilýär, oba hem şäherçe geňeşliginiň işine arçynlar ýolbaşçylyk edýär.

Türkmenistanda bäş welaýat: Ahal (ozalky Aşgabat), Balkan (ozalky Krasnawodsk), Mary, Lebap (ozalky Çärjew), Daşoguz (Ozalky Daşhowuz) welaýatlary we 58 etrap bar. Ýurtda 25 şäher, 78 şäherçe, 545 oba geňeşlikleri bar. Aşgabat şäheri ýurduň paýtagty. Türkmenistanyň meýdany 491,2 müň inedördül kilometre deň bolup, ol Ýewropanyň 8 döwletiniň (Gresiýa, Portugaliýa, Awstriýa, Şwesariýa, Daniýa, Gollandiýa, Belgiýa, Albaniýa) bilelikde alanyňdaky çägine barabardyr. Türkmenistanda 6 mln adam ýaşaýar. Ilatyň 46%-i şäherlerde, 54%-i obalarda ýaşaýar. Ýurduň ilatynyň 95%-e golaýy türkmenlerdir. Ýurtda özbekler, ruslar, gazaklar, azerbeýjanlar, ermeniler, buluçlar we başgada onlarça milletleriň wekilleri ýaşaýar. Türkmenistanyň ilatynyň 50%-i 20 ýaşa ýetmedik ýaşlar, 44%-i 20-den 60 ýaşa çenli. 6%-i bolsa 60 ýaşdan geçen adamlardyr. Görnüşi ýaly ýurduň ilatynyň aglaba köpçüligi ýaşlardyr.

Konstitusiýada Türkmenistanyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet diýilmegi giň manysynda döwlet gurluşynda alnan ugry we belent maksatlary aňladýar. Türkmenistanda demokratik döwlet gurmak işi halkyň tejribesine, goldawyna işeňňir gatnaşmagyna esaslanýar. Ol ähliumumy demokratik ýörelgelere laýyk gelýär. Hukuk döwletiniň kemala gelmegi düýpgöter täze hukuk ulgamynyň döreldilmegi bilen baglanyşykly. Hukuk döwletinde hukuklylyk adalatlylyk kada bolmaly. Sowet döwründe bolsa bu tersinedi. Raýatlyk azatlyklary we hukuklary jar edilsede äsgerilmän, kähalatlarda bolsa depgilenipdi. Hukugyň döwletden rüstem bolmagyny gazanmak häzirki wagtda amala aşyrylýan hukuk özgertmesiniň özeni bolup durýar. Dünýewi döwlet barada aýdylanda onda din döwletden aýrydyr. Hudaýsyzlyk ýörelgelere hem eýerilmeýär. Döwletiň magaryf ulgamy dini birleşiklerden aýry we dünýewi häsiýete eýe. Dünýewi döwletde raýatlyk hukuklary we azatlyklary agdyklyk etmeli. Bu hemme taraplaýyn ösen döwletiň we jemgyýetiň ýokary görnüşidir.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda demokratiýa ýörelgeleriniň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Baş kanunyň II maddasyna laýyklykda döwlet häkimýetiniň daýanjy halkdyr. Şol sebäpli demokratik edaralaryň düzümleriň döredilmegi we kemala gelmegi gös göni halkyň gatnaşmagynda amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň III maddasyna laýyklykda, Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adam. Döwlet özüniň her bir raýatynyň öňünde jogapkärdigini kanun arkaly berkidýär. Ol şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şert döredilmegini üpjün edýär, ol raýatyň janyny, namysyny, mertebesini we azatlygyny şahsyýetine eldegrilmesizligini , tebigy hem mizemez hukuklaryny goraýar. Öz gezeginde her bir raýat Konstitutsiýanyň we kanunlaryň ýükleýän borçlaryny ýerine ýetirmekde döwletiň öňünde jogapkärçilik çekýär.

Türkmenistanda raýatlaryň Watana wepalylyk, onuň rowaçlanmagy ugrunda çekýän asylly zähmetini tapawutlandyrmak maksady bilen “Prezidentiň ýyldyzy”, “Bitaraplyk”, “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” “Galkynyş”, “Garaşsyzlyk”, “Türkmenbaşy”, “Altyn asyr”, “Ruhnama”, “Gurbansoltan eje” ordenleri, “Edermenlik”, “Gaýrat”, “Watana bolan söýgüsi üçin” medallary döredildi. Halkyň öňünde has uly hyzmatlar bitiren raýatlara “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen belent at dakylýar. Türkmenistanda “Hormatly il ýaşulusy”, “Altyn asyryň hormatly hünär ussady” ýaly hormatly atlar hem döredildi.

Türkmenistan döwletiniň döredilmegi adamzat jemgyýetinde täze uly öwrülişik pursatyna gabat geldi. Taryhyň akymy üýtgäp okguny artdy. Wakalar örän çalt bolup geçdi. SSSR-iň dargamagy bilen Ýewropada we Aziýada köp sanly döwletler şol sanda Türkmenistan hem syýasy Garaşszylyk gazandy. Gysga wagytyň ýurduň öz milli Konstitusiýasy-Baş Kanuny işlenip düzüldi we kabul edildi. Döwlet nyşanlary döredildi. Onuň öz ösüş ýoly seçilip alyndy. Gysagaça aýdylanda, ýurt Garaşsyzlygy türkmen halkynyň taryhy ykbalynda düýpli öwrülişigi aňlatdy. Halkyň öz ykbalyny özüniň kesgitlemegine ýol açyldy. Ol öz islegine, öz ukybyna, başarnygyna görä ýaşap başlady.
0 лайков 151 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.