Kommunizm & Demokratiýa

a) • Kommunizm sosial ykdysady sistema. Dürli sosial ykdysady gatlaklary (baýlar, oligarhlar, biznesmenler, hususyýetçiler) diyen konsepsiýa garşy çykýar.
• Demokratiýa sosial ykdysady sistema däl, syýasy sistema. Döwleti adamlar ýa-da adamlaryň saýlan adamlary dolandyrýar.
 
b) • Kommunizm hususy eýeçilige rugsat berenok.
• Demokratiýa hususy eýeçilige rugsat berýär.
 
ç) • Kommunizm bilen demokratiýanyň arasynda duşmançylyk ýok. Ýöne kommunizm kapitalizme garşy çykýar.
• Demokratiýa bolsa diktatura garşy çykýar.
 
d) • Kommunizmde ýurduň baýlyklary döwletiň elinde bolýar.
• Demokratiýada adamlaryň elinde bolýar.
 
e) Kommunizmde ykdysadyýeti döwlet dolandyrýar, demokratiýada adamlar dolandyrýar. Kommunizmde näçe köýnek çykmaly, nähili reňkde çykmaly, näçeden satylmaly – muny döwlet, polit býuro çözýär. Demokratiýada adam öz öndüren zadyny islän reňkinde öndürip, satyp bilse, islän bahasyndan satsa bolýar.
 
f) • Kommunizmde Hudaý diýen düşünje ýok. ik sistema.
• Demokratiýada erkin
 
j) • Kommunizmde bir partiýanyň sözi ýöreýär. (Mes: SSSR  Kompartiýanyň Merkezi Komiteti)
• Demokratiýada azyndan 2 partiýa bolýar. Biri hökümet, ikinji oppozisiýa, ikisi hem Mejlisde orun alýar.
 
h) Demokratiýa hem öz arasynda bölünýär: Liberal demokratiýa (US-däki ýaly) ýa-da Sosial demokratiýa (EU-daky ýaly).
 
i) • Demokratiýada pressa, metbugat adamlaryň elinde bolýar, erkin bolýar.
• Kommunizmde metbugata Polit býuro, Kompartiýa kontrol edýär, şonuň diýen zady ýazylýar ýa-da pozulýar.
 
j) • Kommunizmde adam hukugy ýok, has dogrusy halkyň hukugy bar, ýöne ol hukugy eşitdirip bilýän mehanizm yok.
• Demokratiýada her bir indiwidualyň, adamyň üz hukugy bar, ony döwletiň hem, partiýanyň hem pozmaga haky ýok.


P.s Deňeşdirmelerde ýatdan çykan ýeri bar bolsa ýa-da goşjak zadyňyz bolsa goşup bilýäňiz...
3 лайков 313 просмотров
32комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Sapar aga
12 июн 2023, 19:29
Khanture,
Nädip zerur bolsun olar ýaly liderler müň ýyldan geljek bolsa?
#B.S
12 июн 2023, 19:33
Ahtopot,
Köp sorag berýän ekeniň men sorag jogap görnüşli diskussiýaň tarapdary däl. Pikirleri paýlaşmagyň tarapdary. Eger halamasaň öz pikiriňi ýaz beýdip köp sowal berip dhrmada. Dogry gyzyklanýansyň, emma biz pikirlerimiz paýlaşdykçada bulary öwrenip bilersiň.
Soraglaryňa gelsek, yslamy jemgyýetde elbetde esasy köpçülik musulmanlar bolýa, ýöne bu jemgyýete biz beýleki dindäkileri hem kabul edip bileris. Aramyzda dawa bolsa ony özara geleşikler arkaly çözlüşip bileris.
#B.S
12 июн 2023, 19:34
Ahtopot
Khanture,
Nädip zerur bolsun olar ýaly liderler müň ýyldan geljek bolsa?

Şolaryň müň ýyldan gelýändiginiň özi bu zerurlygy ýüze çykarýar. Herkim öz elini ýüregine goýup Allatagalanyň öňünde halk bähbidini oýlaýan lider bolup bilende beýle zerurlyk hem bolmazdy
Sapar aga
12 июн 2023, 19:47
Khanture,
Mümkin.
#B.S
12 июн 2023, 19:49
Ahtopot,
Mümkin däl anyk.
Yusup
13 июн 2023, 07:29
Gazetlerde yazylyan zatlara seretsen biz entegem Kommunizm ekenik
Гость
13 июн 2023, 15:40
Anil Kapur
Gazetlerde yazylyan zatlara seretsen biz entegem Kommunizm ekenik

Haýsy gazetlere? Eger öz gazetlerimizdäki ýazylan zatlara seredip diýmeli bolsa biz unikal demikratiýa bolýas dälmi )