*****

Mundan birnäçe ýyl öň Garaýanyk obasyndan bir ýaşuly bilen gürrüňdeş bolupdym. Gürrüňleşip otyrkak ýaşy elli töweregi bir adam köne samoswal sürüp geçip gitdi deňämizden. Şonda ýaňky gürrüňdeş bolup otyran ýaşulym:

- Inim, hanha şol samoswalyň şafýoryny görýäňmi? Ana şol şafýor Isfendiýary öldüren adamyň ady dakylan adam - diýdi.

Menem:
- Ýaşuly, bizä isfendiýary " Eşşi öldüripdir" diýip bilýäs. Bul adamyň ady Eşşimi?-diýdim

- Ýok inim. Bu adamyň ady Eşşi däl. Onsoňam Isfendiýary "Eşşi öldüripdir" diýen gürrüňler toslama. Isfendiýary Ysmamydyň şyhlary öldürip gaýdýar. Özlerem ýedi atly bolup gidýärler. Hanyň damagyny çalanam ýaňky adamyň atasy. Bu adam şol şyhyň ady dakylan ýedinji wekil. Hana kast edeniň ady goýulanam uzak ýaşamaýan eken. Şundan öňkileriniň hemmesi ýaş wagty ölüp gidipdirler. Diňe şul adam şu ýaşa ýetip geldi - diýdi

Waka şeýleräk bolan eken. Isfendiýar gyz salgydyny salanda Ysmamydyň şyhlary namys edip ýedi atlysyny hany öldürmek üçin ugradýarlar. (Belki mundan Jüneýt hanyňam habary bolandyr. Bu ýerini bilýän ýok.) Olar köşge baryp Isfendiýary öldürip gaýdýarlar.

Şol ýaşulyň aýtmagyna görä bu wakada Eşşem, Eýmirem gatnaşmadyk.

Khanture, seň obaňdakylar bu wakany nähili gürrüň berýä?
3 лайков 364 просмотров
42комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Sapar aga
12 июн 2023, 19:17
Гость,
"Çeper eser bize çeşme berenok, pikir berýär. "

Bu pikirler taryhy öwrenmegimize nähili goşant goşýar?
Sapar aga
12 июн 2023, 19:18
Dowsypat.,
Ýagny ýalan maglumat paýlaşaýyn diýýäňmi?
Sapar aga
12 июн 2023, 19:19
Dowsypat.,
Kitap okamadyk bolsaň taryhy nädip bilýäň?
Dowsypat
12 июн 2023, 21:54
Admin bu sayta awtomat sorag beryan emeli aň agzany haçan goşup ýetişdikä?Awtomat bn gürleşýän ýalyda.
Sapar aga
12 июн 2023, 22:51
Dowsypat.,
Mesele kitaba geldi welin, aljyraberdiňle. Haýsy kitaplary okandygyňy soradym, netijede XX asyr Türkmen taryhy barada 10 kitap okan ýaly gürleýäň welin.
Dowsypat
12 июн 2023, 23:02
Ahtopot on № 35 Şu gün, 22:51
Dowsypat.,
Mesele kitaba geldi welin, aljyraberdiňle. Haýsy kitaplary okandygyňy soradym, netijede XX asyr Türkmen taryhy barada 10 kitap okan ýaly gürleýäň welin.

Kitap näme zat?
Pegas
13 июн 2023, 01:52
Çeper eser fakta esaslananok, dogry. Ýöne taryhy çeper eser ýazylanda hökmany suratda faktlara esaslanylýar. Emma men bu "Doganlar" epopeýasy fakt diýdigim däldir. Ol eser bolşewistik syýasata eýerilip, özem gaty eýerilip ýazylan. Eserdäki Jüneýit hanyň obrazy hakyky Jüneýit han däl. Muny "перестройка" döwri açylan КГБ arhiwiniň materiallary tassyklaýar.
Rigel
13 июн 2023, 09:56
Jüneýit hanyň ýanyndaky Kakabaý meniň mamamyň atasy ee. Mamamyň aýtmagyna görä Gaýgysyz Atabaýew Jüneýit hany köp goldanmyş. Hut şol sebäplem öldürilipdir. Kömek edýâninem Seýitmyradow ruslara satypdyr
Rigel
13 июн 2023, 10:00
Jüne6it handanbruslar eýmenipdir. Şonuň garyndaşlarynyňky ýada çagalarynyň birinem girewe alyp ruslar okadyp aňyrda döwlet işleride işledipdirler. Ola Jüneyit han eken töweregindäki adamlarynam köpsini ýokary bilimlige çekipdirler
Rigel
13 июн 2023, 10:03
Kakabaýyň oglunyň ady Seýil . Seýiliň çagalarynyňam biri ilkinji rekspert, biri ilkinki mugallymlardan bolupdyr
Rigel
13 июн 2023, 10:09
Ysmahmyt atanyň aňyrsyndaky Dül-dül ata bara ana şol ýerdede Jüneýit hanyň atyny jaýlapdyr. Şol ýeriň müjewiriniň gürrüň bermegine görä şol aňyrdaky torraňlyga ak-gyzyl wertalýotly getirip aty torraňlyga göýberipdriler. Janawer ölensoňam şol töwereklere jaýlapdyrlar.
murat yousef
13 июн 2023, 15:01
Menä dogrymy aýtsam Jüneýit hanyň diňe adyny eşitýen daže habsy ýyllaryň adamydygynam bilemak)))
Pegas
13 июн 2023, 23:24
menembiri1
Menä dogrymy aýtsam Jüneýit hanyň diňe adyny eşitýen daže habsy ýyllaryň adamydygynam bilemak)))

Jüneýit hany tanamaýanyň üçin sen Jüneýidi bagyşla, agam. Sen tanamasaň, özünden görsün!)
murat yousef
13 июн 2023, 23:51
Pegas,
?? Ok
Гость
Автор 13 июн 2023, 23:57
Pegas,
))))