Анонимно

Petýa bilen Ependi ýolda

 

 

 

 

Petýa Ependi bilen dost bolan kişi bolupdyr emma aslynda ol Ependini akmaga çykaryp onuň üstünden gülmekçi bolýan ekeni. Bir gün ol Ependä garşy meýil düzüpdir. Onuň bu meýili boýunça Ependi ondan ýeňilip masgara bolmaly bolupdyr. Ol Ependiniň ýanynyna gelip, “Ependi dost, bu gün ikimiz şähere gideli, ol ýerde keýip edip gezeli, gyzlara sykyyk ataly, kafe girip arak içeli” diýipdir. Gitseň gideli dost diýipirde Ependi eşegine münüpdir.

Ol döwürde şahere gatnaýan awtobus bolmandyr. Ýa eşekli gitmeli bolupdyr ýada pyýada. Petýanyň bolsa eşegi bolmandyr. Üstesine ol eşek münüp görmändir. Şäher bolsa uzakda eken. Şeýdip,Petýa Ependiniň eşeginiň yzyndan pyýada ýöräpdir emma ençeme ýol geçenden soň Petýa Ependiniň eşeginiň yzyna ýaramandyr. Ol ýolda haslap galypdyr.

Onda Petýa özüçe hile gurnapdyr. Meni arkaňa al diýipdir. Ependi bolsa onuň hilesini aňypdyrda  “sen özüň eşege münde ýöre , men yyzyňdan pyýada ýöräýin. Eşek ikimizi götermez” diýpidir. Şeýdip Petýa eşege münüpdir emma öň eşek münüp görmänden soň eşegiň üstünde dogry otyryp bilmän eşekden ýere agyp düşüpdir. Eşek bolsa gaçyp gidipdir. Ependi eşegi gaýtaryp alyp biljek ekeni emma Petýa Ependä  “dostlar bile ýöremeli” diýen bolupdyr. Onuň maksady Ependini ýolda surnukdyrmak bolupdyr.

Ependi bolsa hile diýen zady bilmändir. Ol dogabitdi ugurtapyjy bolupdyr. Birazdan soň Petýa ýola ýaramandyr we indiki hilesini amala aşyrmakçy bolupdyrda Ependä “ dawaý, sdelaýem tak, men seni müneýin, onsoň sen meni. Şeýle etsek ýöreýän pursadymyzda ikimiz gezekleşip dem alarys hem göwün açarys. Münen pursadymyzda aýdym aýytmaly tä bilýän aýdymyň gutarýança” diýipdir. Ependi hiläni aňypdyrda etjek işini öz ýanyndan oýlap Petýany üstüne alypdyr. Petýa bolsa onuň üstüne münüp aýdymyna başlapdyr. Petýanyň agramy ol diýen köp däl eken. Şonyň üçin Petýany göterýän pursadyna Ependi jebire galmandyr. Petýa aýdymyny gutarmajak bolup azara galypdyr. Bir aýydan aýdymyny ikinji gezek gaýtalapdyr ýada manysyz aýdymlary aýdyp Ependiniň üstünden düşmejek bolup azara galypdyr. Ýöne näme etsede onuň aýdyma gygyrmakdan bokurdagy gurap Ependiniň üstünden düşüpdir.

Indi münmek gezegi Ependiniňki. Ol ep-esli agramly bolupdyr. Petýa bolsa ejiz . Ependi Petýanyň üstüne böküp münende Petýanyň aýaklary sandyrap,  göwresi bolsa gyşaryp endamy bolsa titrapdir. Şondada onda alaç ýok bolupdyr.  “Biri-birimizi müneli “diýip teklip eden özi. Öz teklibinden bela galanyny aňypdyrda ýok diýip bilman Ependinini has-haslap göterip gidip başlapdyr. Ependi bolsa aýdyma gygyrypdyr. Ependiniň aýdymlary Petýa umuman ýokmandyr. Aýdymdan göwün açma beýlede dursun gulaklaryny dykasy gelipdir.

Şeýdip ýolyň ýary geçipdir emma şäher häli daşda eken. Petýanyň halys bolandygyny gören Ependi onuň üstünden düşüpdir. Edil şu wagt bu ikisine ýol üstündäki köne tam dogry gelipdir. Petýa bu köne tamyň içine ylgap giripdirde  ol ýerde bar bolan uzyn hadany eline alyp Ependä “ gel, ikimiz urşaly, kim ýeňer” diýipdir. Ependä bolsa bu ýerde bar bolan ikinji kesgeldek ýetipdir. Kesgeldek uzyn bolmasada urmak üçin oňaýlyja bolupdyr. Petýa uzyn hadany jaý daryň içinde aýlap ýetişmändir üstesine onuň hadasynyň ujy jaýyň burçuna degip gidip onuň badyny saklapdyr. Bu wagt Ependi çakganlyk bien baryp Petýany urypdyr. Agyrydan Petýa waý diýip gygyrypdyr. Bir salym urşanlaryndan soň Petýa ýeňilenini boýun almaly bolupdyr ýogsa Ependi ony mazalyja urjak ekeni.

Ýene ýoluny dowam edipdirler. Bir meýdan ýöränlerinden soň ýene bu ikisine ýene iki sany taýak dogry gelipdir. Petýa ylgap baryp kelte taýagy alypdyr Ependä bolsa uzyn taýak galypdyr. Uzyn taýagy giň meýdanda aýlamak aňsat. Şol sebäpli eline düşeen bu hadany bat bilen aýlap Petýany bir ýelmäpdir welin Petýa honda ucyp gidip “waý ölýen” diýip gygyryp ýatypdyr. Şeýdip Ependi bu uruşda hem ýeňipdir.

Ýene ýola düşüpdirler tizara bu ikisi şähere gelipdir. Şähere gelen wagtynda olar hem ýadaw hem aç bolan eken. Şonuň üçin ikisi hem garnyny doýyryp dem almagy karar edipdir.  Petýa şu ýerde bar bolan kafe giripdir, Ependi bolsa çaýhana giripdir. Petýa baryşyna bir çüýşe arak alypdyrda aragy  bokurdagyna guýypdyr. Derrew serhoş bolupdyrda köçä çykyp ýol ugryna  ýöräp barýan gyzlara asylypdyr. Olara sykylyk atypdyr, içgili halda özüni bilmän gödek gepläpdir. Ependi bolsa çaýhanada somsa bilen bir çeýnek çaýdan doýyp köçä çykypdyr. Seretse Petýa arakdan doýyp gyzlar bilen ýakalaşyp ýör. Ependi baryp Petýany gyzlardan aýyryp gyzlaryň arkasyny alypdyr. Munyň üçin gyzlar Ependini gowy görüp Petýany bolsa ýigrenipdirler.

Petýa bolsa Ependiniň onuň arkasyny alman gyzlaryň tarapynda bolandgyny halaman  “sen maňa dost däl” diýip ondan öýkeläp gidip galypdyr. Onuň nirä entäp gidenini Ependi bilmändir. Ependi bolsa gyzlar bilen teatra baryp ol ýerde gyzykly hindi kino görüpdir sebäbi ol döwürde hindi kino görmek moda bolupdyr. Kinony görüp bolup gyzlar bilen meýdana çykan wagtynda wagt yza, oba gaýytmaly bolupdyr. Ependi gyzlar bilen tanyşlyk açyp olar bilen ýene duşmak isleýändigini aýdyp wagt belläp gyzlardan aýrylyp gaýdypdyr. Indi oba gaýytmaly emma Petýa ýok.  Ol Petýany gözläp başlapdyr. Bir entek gözlegden soňra ol Petýany şaheriň bir burçynçdan tapyp alypdyr. Görse, ol arakdan doýyp özi ýaly arak içenlere duşyp olardan taýak iýip, onsoň olardan gaçyp bir gyra çykyp ýatan eken.

Ependi Petýany turyzyp alyp ony ýuwundyryp, suw berip özüne getirip, ýelkesine girip özi bilen süýräp alyp gaýdypdyr. Arasynda ony göteripdir. Petýa bolsa özüni bilmän ýatypdyr. Olar şäherden çykyp ýene şol gaýydan ýolundan yzyna tarap ýol alypdyrlar. Biraz ýöränlerinden soň suwly salma olara dogry gelipdir. Bu ikisi halys bolany üçin suwly salma suwa düşüp hezil edipdir. Petýa bolsa serhoşlykdan açylypdyr. Ýene ýol ýöräp ugrapdyrlar. Şeýdip bu ikisi öz ýaşaýan ýerine geleninde gün ýaşypdyr. Indi her kim öz öýüne sowulmaly bolupdyr. Hoşlaşyk wagty gelipdir. Bu wagt Petýa özüni müýnli duýypdyr. Ol Ependä “eger sen alyp gaýytmadyk bolsaň men bu şaherde näalaç ýagdaýda bolardym. Sen hakyky dost ekeniň emma men saňa ýamanlyk etmekçi bolup azara galdym. Geçir günämi” diýipdir. Ependi bolsa giň göwrümli bolany üçin ýöne gülüp goýypdyr.

1 лайков 31 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Dowsypat
05 дек 2024, 15:27
Bir patyşanyň garpyz iýesi gelip, weziriň eline 100 dinar berip,garpyz getirmegi buýrupdyr.Wezir köşk hyzmatçysyna 10 dinar berip(90 dinary jübä urup)patyşa üçin garpyz almagy buýrupdyr.Köşk hyzmatçysy derwezäni garawullaýan ýasawulyň eline bir dinar berip,patyşa üçin garpyz getirmegi tabşyrypdyr.Ýasawul derwezäniň daş tarapynda garpyz satyp oturan daýhany gorkuzup,sögüp bir garpyzy mugtuna alypdyr.Garpyzy iýip oturan patyşa öz ýanyndan pikir edipdir:"Bir garpyzy 100 dinardan satyp oturan bolsalar,halkda pul kän eken.Salgydy götermeli".
Гость
05 дек 2024, 20:31
Dowsypat., 😂😂😂

Men elektronny poçtama girip bilemok. Ýa onam wpnli etdilermika?
Dowsypat
05 дек 2024, 21:07
Гость,Vpnli girip görda onda.
Dowsypat
05 дек 2024, 21:59
Bizin bilýäň Ependilerimizin Petya diyen tanysy yokdy yone.Bu Sowet dowrunin Ependisi bolmaly.
Гость
06 дек 2024, 08:43
Ýoo serýozno aýdýan. Poçtanam bloklaýalarmyka?
Dowsypat
06 дек 2024, 09:20
Гость, Men poçta diýen zady aýda-ýylda bir ulanýan.Heniz bloga zada düşüp göremok.Arasynda işlemän galýardy.Vpnsyz açman duran bolsa vpn bilen girip gör.Ya täze poçta aç