Ependiden bolekler

Meni täze öýe göçüreňzokmy?

Günlerde bir gün Ependiniň1öýüne giren ogrular tapan-tupan zatlaryny göterip gidipdirler. Muny gören Ependi hem olaryň söbügine düşüp gidiberipdir.Ogrular şol gidip baryşlaryna öýlerine ýetipdirler. Ependägözleri düşen ogrular:–Ýeri, siz nirä gelýärsiňiz? –diýip sorapdyrlar. Onda Ependi:–Weý, siz näme meni täze öýe göçüreňzokmy? –diýip,olaryň özlerine sorag beripdir.

Guýyny çöwrüp goýupdyrlar.

Günlerde bir gün Ependi bir minaranyň düýbünde oturan eken. Adamlar Ependiden:–Bu näme? –diýip sorapdyrlar.Ependi minara bakyp:–Päheý, nämedir öýdýärsiňiz? Şonam bileňzokmy? Bu aslynda bir guýy. Muny guratmak üçin çöwrüp goýupdyrlar –diýip jogap beripdir.

Ahyry geler

Günlerde bir gün bir ogry Ependiniň bir bölek peýnirini ogurlapdyr. Ependi ogryny gözläp,çeşmäniň boýuna barypdyr.–Ependi, bu ýerde näme işleýärsiň? –diýenlerinde ol:–Aý, peýniri iýenitutjak bolýaryn.Ol ahyry suwsap çeşmäniň başyna-ha geler –diýipdir.

Halwany zor bilen iýdirýärler

Günlerde bir gün Ependi Konýada2bazarda gezip ýörkä, bir halwaçynyň dükanyna gabat gelipdir. Halwaçy dükanyny açyp, halwalary dükanyň öňüne çykaryp goýupdyr.Ependi «Bismilla!»diýip, elini uzadyp,halwadan iýmäge başlapdyr.Muny gören halwaçy:–Eý, nadan! Näme üçin meniň halwamdaniýýärsiň? –diýipdir.Ependi oňa jogap bermän, halwadan iýmegini dowam etdiripdir. Halwaçy gazaba münüp, Ependini ýençmäge başlapdyr.Ependi urgynyň zarbyna çydaman,derrew başyny galdyrypdyr-da:–Eý-weý! Konýanyň adamlary,gör,nähili ajaýyp eken. Olar halwany ura-ura zor bilen iýdirýärler –diýipdir.
3 лайков 157 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ogulşirin Bayramowa
13 июн 2021, 18:46
??? (likee)
Dayanc
13 июн 2021, 18:49
Taze degişmeler atly apk gocurlen! ;)))
Maksat
Автор 13 июн 2021, 18:53
ÝaMaÇ,

Yo yo kitabyndan
Dayanc
13 июн 2021, 18:59
Hm hihahi
Dayanc
13 июн 2021, 18:59
Ne kadar güçlüyüz ve ne kadar karşı koyabiliriz ki kadere
İnce bir yol uzanır Oidipus’dan Michael Corleone’ye
Нежная леди
13 июн 2021, 22:29
#Like