Başga planetada
Düýn ýazan zadymyň bu güne gyzygy ýok. Meniň üçin şeýle. Şonüň üçin bu gün ýazýan zadymy şu gün gutaryp halka teklip etmesem, eýýäm bu ýazan zadymyň bir günde gyzygy ýoklugy üçin ony öçürip taşlaýanda täzeden ýazyp başlaýan. Ine, şu okap otyran hekýaňyzyň hem şeýle ykbaly boldy.
Ýöne şol bir zady iki gezek birmeňzeş edip ýazyp bolmaýar. Köp ýeri üýütgeýär. Asyl manysy şol bir zat bolsada.
Hawa, durmuşda her hili adamlar bolýar diýdik. Bu hili sözi ýeke men aýytmaýan. Hemmeler diýen ýaly aýydýar. Ine, şöl her hili adamlary biri bilen meniň ykbalym sataşdy. Bu hekýä hem şol adam barada. Bu adam häzir ýok. Ol ölüp gitdi. Ölmezinden ozal maňa bir zady miras goýyp gitdi. Bu adam bilen nädip tanyşanymy aýdyp bermeli bolsam onda bu hekýaýa uzaga çeker. Şol sebäpli gysgaldýan. Üstesine şu ýerde ýene bir gezek size aýydaýyn. Mundan beýläk ýazan zatlarymyň hemmesiniň gysgaldylan görnüşini hödürlemekçi. Sebäbi adamlar uzak ýazýaň. Biziň uzak zady okamana wagtymyz ýok diýýärler.
Haçanda bu adam bilen tanyşan pursadym ol maňa özüniň ezoterika bilen gyzykýanyny aýytdy we bu ugurdan birnäçe üstünligim bar diýdi. Subutnama hökmünde ol maňa birinji emelini görkezdi. Bu emel üçin hiç hili zat gerek däl diýdi. Galan emellerimi görkezmek üçin belli bir şertler gerek bolar diýdi.
Onsoň ol bu emelini maňa görkezmäne başlady. Dyzyna çökdi. Göwresini dolduryp yzygider dem alyp başlady. Üns berişime görä onuň dem alyşy we çykaryşynda ritm bardy we uzak gitmän ol otyran ýerinden gürp edip aşak ýykyldy. Men elbetde gorkup gitdim. Birnäçe sekuntdan soň onuň teni ölen adamyňka meňzäp galdy. Eger ol öňünden aýytmadyk bolsa men ol öldi diýip gorkardym. Şonuň üçin men özüme ynjalyk berip durdym we bolýan zatlary telefonyma wideo düşürdim. Iki minutdan onuň teni sowady. Dem alayşy eşidelmedi. Gulagymy onuň ýüregine tytyp gördüm. Ýüreginiň sesi hem kesildi. Bu hili emeliň bardygyndan meniň habarym bar. Ýöne gözüm bilen görüşim birinji gezek. Bäş minut wagt geçdi. Bu adama indi jan gelip başlady. Ilki bilen onuň kirpikleri gyrpyldady, yz ýanyndan göi açyldy. Onsoň aýaklary herekete geldi we iň soňunda ol kellesini dikläp öňki halatyna geldi. Men onuň bu emeline “Brawo, no nädip bu hili etmäni öwerendiň” diýdim. Ol meniň öwgüme ýylgyrdy.
Soňra ýerinden turyp:- Bu zatlary etmek üçin köp zähmet çekmeli diýdi.
Onsoň ol maňa indiki emeli görmegi teklip etdi. “Bu emeli görmek üçin biz elbetde bir ölen jandar gerek bolar”diýdi. Onsoň biz ölen jandar gözläp ugradyk we bir topar ölüp ýatan çybynlaryň üstünden geldik. Öli çybynlary bir kagyzyň üstüne jemläp bu adam ýenede şol dem alyşyny gaýtlalady. Ýöne dem alyş bu gezek ýarym sagat çemesi uzaga çekdi. Bu gezek men bu adamyň umumy boluşyna seredip iş diňe dem almak bilen bitmeýändigine göz ýetirdim. Öli çybynlary diklemek üçin bu adamyň ruhy dünýäsi hem sarp bolýandygyny aňdym. Ýarym sagatdan soň ilkinji çybynlar herekete girdi we olar ukudan oýanýan adam ýaly assajykdan özüne gelip ilki ganatyny oýnadyp, onsoň aýaklaryny gymyldadyyp we iň soňunda ganatlaryny ýaýyp uçup başladylar. Bu emeli görüp men ýene ony magtadaym. “ O, daje interesno stalo, mne” diýip rusça sözledim.
Biz gyra çykyp otyrdyk we uzak wagtdan bäri üýregime düwüp ýören sözümi ilkinji gezek oňa aýytdym. Rus dilinde. “Мне нужна рывок в жизни. Способна ли твоя эзотерика к тому чтобы люди стали свободными”. Başgada bir topar sözler boldy. Meni gyzyklandyrýan zat ezotorika adamlaryň erkin we bagtly ýaşamagy üçin nämeleri edip biler. Şu barada men ondan soradym.
Meniň bu gahrymanym hawa diýdi. Men diýdi muny subut edip bilerin. Ol şeý diýdide maňa uzyn düşüp ýatmagy buýurdy. Men onuň aýdanyny etdim. Soňra ol ýene şöl ritmiki dem almasyny etdi. Tizara men uka gidip başladym we şunyň bilen birlikde meniň endamym sowap, ýüregimiň işlemesi peselip we tenimde başgada köp üýütgemeli syzyp iň soňunda özümi bilmän galdym.
Haçan men özüme gelenimde men ýyldyzlaryň arasyndan uçyp gidip otyrdym. Bu uzak gürrüň. Şol sebäpli men iň soňky ýerde näme bolanyny ýazýan. Edil guş ýaly uçyp gelip bir üýütgeşik planeta gelip gondum. Gonan ýerimde bu adam maňa garaşyp duran ekeni.
Gonanymy görüp bu adam meniň ýanyma uçyp geldi. Ol maňa” Ine, şu planeta seniňki. Bu planetany men saňa sowgat berýän. Ýöne seniň özüň hem meniň kömegime mätäçsiz özüň üçin islän başga bir planetany eýeläp bilersiň. Beýle etmekçi bolsaň onda meniň bilýän ezoterikany öwrenip göwnüňe näme hyýal gelse edip bilersiň”.
Meniň indi begenjimiň çägi ýokdy. Iň esasy zat men uçup bilýen. Onda bu adam maňa “Bu häli hemmesi däl, bu plenata göwnüň islän zadyňa eýe bolup bilersiň” diýdi. Edil şu wagt meniň içim ajygan ýalydy. Men torty halaýanlygym üçin “şu wagt tort bolaýsa kem boljak däl” diýdim. Onda bu sözi aýydanym şol ullakan hem bally hem şokoladly tort saçakda taýyn boldy. Men garnymy mazaly doýyryp suw hem soradym. Suw hem geldi.
Onda bu adam maňa:- Şu planeta seni doly erkinlige çykarmana ukyply. Bu ýerde galyp Ýer planetasyny ýatdan çykaryp şu ýerde arkaýyn ýaşap bilersiň. Onsoňam bu plenetada hiç haçan ölmersiň. Gerek bolsa bu planeta öz dostlaryňy hem getirip bilersiň “ diýdi.
Bu sözlerden soň men umuman begenip gitdim. “Men şu ýerde galýan. Barda aýyt. Men sag-aman diri. Öz planetamda erkin hem bagtly ýaşap ýörün.” Bu sözlerimi men ol adama aýdyp göýberdim. Ol meniň bu sözlerimi ýakynlaryma baryp aýdypdyr. Bu hekaýany bolsa size şu täze gonan planetamdan ýazdym. Isleseňiz meniň ýanyma uçyp gelip bilersiňiz. Bir aýyby siz ezoterikany öwrenmeli bolarsyňyz. Garaşýan.