Halypam bolsady...



Durmuşda her bir adama, aýratyn zehin berilýär. Meniň özümem ýaşlygymdan surat çekmegi halaýardym, ýöne surat cekmek däl-de, maňa başga-da bir zat berilen bolsa nädäýjek, meselem şahyrçylyk, dogry bu aňsada zat däl… Ýöne soňky wagt meniň ýazýan goşgularymyň aglaba bölegi köp adamlary haýrana goýýardy, meniň ýazan we ýazýan goşgularymyň ählisi diýen ýaly gysgaça many-mazmundady… Köp adamlar sende aýratyn üýtgeşik zehiniň bar diýýärdiler… Ýöne her bir işde mana halypa gerekdi. Sebäbi özümiň käbir ýerinde goýberen ýalňyşlyklarymy… Köp sanly adamlaryň okamagy netijesinde düzülýärdi… Elbetde häzirki wagtda ýaş şahyrlar diýseň köp… Ýöne maňa baha bermeklerine görä… Meniň ýazýan goşgularym äheňi ýa-da stili Gurbannazar Ezizow bilen Kerim Gurbannepesowyňka çalymdaşdy… Ýöne meniň özüm Pyragy ýaly şahyr bolasym gelýärdi…
Adam ogly kä mahal däl, hemişe-de ýalňyşýar
Ýalňyşmazlygy üçin öňden görüp bilsedi
Sözläniňde sözleriňe käte sögünç garyşýan
Agzyňa elek tutup bilyän adam bolsady!
Menem ýazýan kä mahal däl, hemişe-de manysyz
Kä ýerinde otursyz, kä ýerinde nokatsyz
Şygyrlarymy okap diýmäň ýöne sowatsyz
Ýalnyňym düzetmäne ussat Mollum bolsady.
Belki-de bardyram mende-de zehin
Sebäbi şygyrlarmyň entek ýok jemi
Bolardy ýalňyşlarmyň bir eýýäm çeni
Pyragy ýaly dana meň HALYPAM BOLSADY.
4 лайков 104 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
01 июн 2022, 21:51
Ýöne maňa baha bermeklerine görä… Meniň ýazýan goşgularym äheňi ýa-da stili Gurbannazar Ezizow bilen Kerim Gurbannepesowyňka çalymdaşdy…

Ezizow bilen Kerim agaň stilleri bir köçede-de gabatlaşanoklar-a.
OrazMuhammet Aşyrow
02 июн 2022, 10:09
Edil Pyragy ýaly bolmak diňe saňa däl başga hiçkimede başartmasa gerek. Kerim aga, Gurbannazara golaýlap bolar welin, iň gowusy köpüräk oka we özüňden özüňi döret, kimdir birini dälde.