"Bilýäñizmi näme, men şeýle bir baý..."

Bilýäñizmi näme,men şeýle bir baý!
Genji-kän ýygnadym depseñ yranmaz,
Geliñ,görüñ,kiselerim hyñ berýär
Şübhelerden uzak,synmaz ynamdan.

Kitaplaryñ gatlarynda ýelk ýasap,
Dür deý söz üýşürdim.
Gyýylman asla
yssy söze aja şam bolsun bary.
Işdämenlik bilen kisäme saldym
Minnetdarlyklary,sagbolsunlary.

Duşdan geçenlere berýärin salam,
Çöpläýärin arman ýylgyryşlaryn.
(Entek,duruñ,köpelibiýr assadan
Gülki toplamaga ýañy başladym).

Ýüregime ýakynlarym,dertdeşler,
Hossarlar,dost-ýarlar
Ählijesinden
Söýgi ýygnaýaryn çuwal-çuwaldan.
Kindiwanja dünýäm,sap kalbym içre
Olaryñ barlygna neneñ guwanman?!

Umydymdan şaýol gurdum.
içinde
Keýpim göterilýär azaşdygymça
Baýlygym bar,özgeleriñ tersine,
Artyp gidip barýan paýlaşdygyñça.

Oñat eken her paýlaşan närsäñde
Öñküdenem beter kisäñ galñasa.
Owal-ahyr ýygnanlarym apalap,
Saklap ýörün göwün atly gaznada.

Mahym NURGELDIÝEWA.
8 лайков 223 просмотров
23комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mümkin
Автор 01 июн 2022, 21:09
1.Şu goşguny
2."Sen biçak görmegeý diýesim geldi" goşgumy
3."Ýatlamalarymda ýaşaýan ýyllar" oýlanmamy
kitapçy saýtynda goýup beräý!!!
Nurmuhammet
01 июн 2022, 21:16
Mümkin
gowy yazypsynyz sagbolun yetirennize
Massimus
01 июн 2022, 21:19
?? pully brawo
Hiayress
01 июн 2022, 21:23
Mümkin,
Kime ýülenme bu?!
Hiayress
01 июн 2022, 21:23
*ýüzlenme
Maksat
01 июн 2022, 21:32
Berekella brawo
Aýsere
01 июн 2022, 21:39
Massimus,
Senem baý öýtýän teňňe baryny seçýäñ welin
Nazar
01 июн 2022, 21:44
Mumkin
Men uchinem goshgy duzda :)
Mümkin
Автор 01 июн 2022, 21:46
Hiayress,
Kimiñ şol saýtda awtorlyk hukugy bar bolsa goýup beräýsin!
Mümkin
Автор 01 июн 2022, 21:46
FanB,
Näme diýip ýazaýyn? :))
Hiayress
01 июн 2022, 21:47
Mümkin,
Häzirki wagt işlänok eken.
Mümkin
Автор 01 июн 2022, 21:52
Hiayress,
Bolan wagty goýaýsana.
FanB,
Sen meni gutlamadyñam nejis :))
Diñe özüñi bilýäñ :))
#динара.
01 июн 2022, 21:53
Men ü.n goşgy yazjak yokmy?! aglaya
Hiayress
01 июн 2022, 22:03
Mümkin,
Bolýahh
Aksary
01 июн 2022, 22:24
Mümkin,
Gutlagymy jogapsyz goýduñ öýtýän.
Gep eýesin tapdy öýtýän
Aksary
01 июн 2022, 22:25
Mümkin,
Bolar hökman
Mümkin
Автор 01 июн 2022, 23:07
Aksary,
Näme üçin jogapsyz goýanlygymy aýtsam gülüp ölersiñ :))
Гость
01 июн 2022, 23:08
Goşgy gowy eken?

Bilýäñizmi näme, men şeýle bir baý..." - diýipsiň weli, "90 manadyny güjeňläp başladow bi " diýip gelsem asyl başga zat ekenow :)
Aksary
01 июн 2022, 23:14
Mümkin,
Aýtsana bizem gülelidä :)
Mümkin
Автор 01 июн 2022, 23:19
Aksary,
Jañdaky belgiñi çornydan açsamam,smsdäkiñi açmandyryn.Onsoñ,düýn-öññinki smsime jogap ýazmady diýip öz-özüm öýkeläpdirin.Bu günem gutlamady diýip öýkäm hasam güýjedi :)) Jañdaky belgiñi çorna saljak boldum.Birdenem,smsdäkiñ çornyda duranlygy ýada düşüp çornydaky smslere girip gördüm.5-6 sany smsiñä üýşüpdir :))
Şol wagtam "Sag bol"diýip ýazdym. :))
Mümkin
Автор 01 июн 2022, 23:20
Гость,
Aýlawly ýoldan aýtdygym şol :))
Gost daýy,profil suratyñdaky çowlugyñ-maý? :))
Aksary
01 июн 2022, 23:36
Mümkin,
Ozalky aýdanyña düşündim welin.şondada meni nämçün çorna salýañ.men ýüregiñe düşemoga :
Mümkin
Автор 01 июн 2022, 23:41
Aksary,smse jogap bermezlige äsgerilmezlik diýip düşünýän.Äsgermeýänler bilenem gatnaşasym gelenok.
Çorna salmak - meñ üçin gatnaşygy kesmek.