Ýazgy (düýş)

Ýagyşly gün, gara bulduñ astynda,
Duşuşyk geçýärdi zemin üstünde.
Duşuşykda durdy, ölen hossarlar.
Bir gapdalda bolsa, durdy dost-ýarlar.

Yns-jyns ýokdy gözleri bizde
Bi bolsa gorkydan gözümiz yzda.
Şol wagt bir bende çökdi-de dyza,
Bir ýazgy galdyryp dolandy yza.

Birden tümlik gürşady
Hussum basyldy.
Ölenleriñ bary gökden asyldy.
Birden zöwwe gygyrdym, ýerimden galdym.
Görsem düýşim eken sońra ynjaldym.

Şondan sońra göze uky gelmedi,
Mende uklamaga halat galmady.
Ahyr dañ hem atdy, irdene çykdym,
Agşam düýşimdäki ýerlere bakdym.

Çyndan hem şol ýerde ýazgy galypdyr.
Setirleri bolsa şeýle ýazlypdyr:
"Iñ bolmanda bir gezek ýatlaýyñ bizi,
Onsoñ asla birahat etmeris sizi..."

Çerkez BAÝLYÝEW.
1 лайков 122 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.