Düýş

DÜÝŞ

Perman geldi,
Ugramaly gyssagly,
O dünýä gitmeli bolduk ikimiz.
Ýöne şol torgaýam galmady bizden,
Ýaýdanyp, tirkeşip bardyk üçimiz.

Eli aýpaltaly,
Murtlary syh-syh,
Gözünden gan damyp duran bir jellat
Garşylady bizi:
«Hoş gördük sizi,
Bular kimkän diýip ýördüm bir ýyllap.

Siziň söýgüňizden arza gowuşdy,
Ýazypdyr biçäre ejizläp, eňräp. 
Bulaşyk dünýäde eliň degýärmi?
Bagyşlaň wagtynda bilmedim derňäp.

Aldapsyňyz,
Harlapsyňyz siz ony,
Aýdyň kim günäkär!.. Çeksin jezasyn»
...Seniň ýaňagyňdan syrykdy gözýaş,
Menem çökdim şol gözýaşyň yzasyn.

Aljyradyň,
Seniň diliň tutuldy.
Men abanyp gelýän jezany duýdum.
«Günäkär men – diýdim – ber jezaň
bolsa!»
Soň paltaň astynda kellämi goýdum.

Arman...
Torgaý birden saýrap başlady:
«Ýalbarýan, ynanma sen muňa, jellat!
Gyz günäkär, unutdy öz wadasyn,
Baryn gördüm – ynan sen maňa
jellat!..»

Gygyrdym: «Torgaý, dost!..»
Düşündi Torgaý,
Eňräp-eňräp uçup gitdi bir ýana.
Jellat diýdi: «Hany, bellesin ediň,
Wagtym ýok, garaşyp, beýdip durmaga...»
Sen: «Men!» diýdiň,
Menem: «O däl, men!» diýdim,
Jelladam jabjyndy: «Bolmaň iç
ýakan!..»
Paltasyn göterdi...
Astynda galgan,
Hudaýa müň şükür, meň kelläm eken...

■ DÜÝŞÜMDE

Men agşam düýşümde belent dag gördüm,
Depesine çykjak bolup ylgadym.
Özümi ýeňiljek, keýpi çag gördüm,
Ýele galgan peşmek ýaly galgadym.
Käbir ýerde duşan çogdam-çogdamja
Terje gök otlaryň gyrdym baryny.
«Duýsun» diýip gollarymyň zoruny,
Maýdaja daşlary kelemenledip
Zyňamda ýere,
Ýaňlandy, gaýgyly seslendi dere,
Меn bolsam jak-jaklap güldüm, şatlandym.
Eglendim hem öz ýoluma atlandym.

Wah... Birden aýaklam taýdy-da gitdi,
Göwräm-de sandyrap eňdi birýana.
Telpegim başymdan gaýdy-da gitdi,
Tutara zat gözläp, bakdym her ýana.
Arman, ýapyşalga ilmänsoň göze,
Aljyrap, el urdum sülleren ota.
Şol dem ot dillendi, başlady söze:
«Eger-de gyrmadyk bolsaň sen meni,
Häzir ýapyşardyň, saklardym seni...»

Ol sesden utandym, bakdym aşaga,.
Hemaýat gözleýji öçen nazarym
Dikdim aşaga.
Şol wagt eşdildi daşlaň-da sesi:
«Eger-de sen bizi zyňmadyk bolsaň,
Häzir aýagyňa direg bolardyk.
Belkem, seni halas edip bilerdik...»

Italmaz NURYÝEW.
1 лайков 168 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
picasso
16 сен 2022, 00:23
Biz duyslerden yorgut gozleyas Carl Gustav Jung bolsa Duysler kitabynda haysy duysi name sebapden goryanligmizi dernapdir gowy kitap uytgesik perspektiv
Öwreniji
Автор 16 сен 2022, 01:15
picasso
Biz duyslerden yorgut gozleyas Carl Gustav Jung bolsa Duysler kitabynda haysy duysi name sebapden goryanligmizi dernapdir gowy kitap uytgesik perspektiv

Ony nirden tapyp bolýar
picasso
16 сен 2022, 03:00
www.turuz.com bady wn yapylypdyr vpn bn achyan bolaymasa turkche