Şükranalyk!
Eger şu gün irden sag-aman oýanan bolsaň, şu hepde-de dünýäsini täzelän bir million adamdan has bagtyýarsyň.
* * * * *
Eger hiç uruş görmedik, tussaghana düşmedik, ezýet çekmedik we açlyk görmedik bolsaň, dünýädäki bäş ýüz million adamdan has bagtyýarsyň.
* * * * *
Eger öýden çykan mahalyň bir bela duş gelmek, tussag edilmek we ezýet çekmek ýaly gorkyň ýok bolsa, üç milliard adamdan gowy ýagdaýdasyň.
* * * * *
Eger diňe iýjegiň, geýjegiň, öz jaýyň we ýatmaga ýeriň bar bolsa, dünýäniň ilatynyň 75 prosentinden has baýsyň.
* * * * *
Eger beýläňizde puluňyz bar bolsa, üstesine kimdir birine kömegem edip bilýän bolsaň, dünýäniň ilatynyň 8 prosentini tutýan baýlaryň birisiň.
* * * * *
Eger eneň-ataň sag we bile ýaşaýan bolsa, örän seýrek duş gelýän bagta eýesiňiz.
* * * * *
Eger bu ýazgyny okap bilýän bolsaň, okamagy-ýazmagy bilmeýän iki milliard adamdan has bagtlysyň.
Новые статьи
DonMaxx
Abaddon
Statee
5 комментариев