EGER SOYJEK BOLSAN CYNDAN SOYMELI!
Bazygär ýeri däl yşgyň meýdany,
Munda käte otly köýnek geýmeli.
Aklyň haýran eden niçik söwda bu,
Eger söýjek bolsaň çyndan söýmeli.
Bir pursatlyk bu dünýäni gülleden,
Göz öňümde galdy elwan öýmeli.
Ömür ýatlamadan gidip bilmedim,
Eger söýjek bolsaň çyndan söýmeli.
Erkiň gidip demiň-deme degende,
Edebi eşretden öňde goýmaly.
Söýgi päk bolanda galar belende,
Eger söýjek bolsaň çyndan söýmeli.
Biri diýdi: "sen bolmasaň senemjan,
Häzirki gyzlara şeýle diýmeli."
Söýgüni ownatsaň aşyklar ynjar,
Eger söýjek bolsaň çyndan söýmeli.
"Söýgi hasap bilen" diýdi bir gelin,
"Eeýýäm gelejegiň gamyn iýmeli."
Yşkym bilen oýun etme dur gelin,
Eger söýjek bolsaň çyndan söýmeli.
Ýogsa oň ýeterlik azaby bardyr,
Hem güzaby bardyr ýanyp köýmeli.
Çyny bilen söýýäne mähirdir, nurdur,
Eger söýjek bolsaň çyndan söýmeli.
Söýgi Allaň Adam ata peşgeşi,
Manysyzdyr başarmasaň duýmagy.
Meniňem ýaşlara etjek wesýetim:
Eger söýjek bolsaň çyndan söýmeli.
Toýly ÖWEZOW.
Munda käte otly köýnek geýmeli.
Aklyň haýran eden niçik söwda bu,
Eger söýjek bolsaň çyndan söýmeli.
Bir pursatlyk bu dünýäni gülleden,
Göz öňümde galdy elwan öýmeli.
Ömür ýatlamadan gidip bilmedim,
Eger söýjek bolsaň çyndan söýmeli.
Erkiň gidip demiň-deme degende,
Edebi eşretden öňde goýmaly.
Söýgi päk bolanda galar belende,
Eger söýjek bolsaň çyndan söýmeli.
Biri diýdi: "sen bolmasaň senemjan,
Häzirki gyzlara şeýle diýmeli."
Söýgüni ownatsaň aşyklar ynjar,
Eger söýjek bolsaň çyndan söýmeli.
"Söýgi hasap bilen" diýdi bir gelin,
"Eeýýäm gelejegiň gamyn iýmeli."
Yşkym bilen oýun etme dur gelin,
Eger söýjek bolsaň çyndan söýmeli.
Ýogsa oň ýeterlik azaby bardyr,
Hem güzaby bardyr ýanyp köýmeli.
Çyny bilen söýýäne mähirdir, nurdur,
Eger söýjek bolsaň çyndan söýmeli.
Söýgi Allaň Adam ata peşgeşi,
Manysyzdyr başarmasaň duýmagy.
Meniňem ýaşlara etjek wesýetim:
Eger söýjek bolsaň çyndan söýmeli.
Toýly ÖWEZOW.
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.