Görünmeýän talant...
Bir gün bir baý adam özüniň ýekeje gyzyny durmuşa çykarmak isleýär. Ýöne gyz baýyň ýekeje perzendi bolanlygy üçin ony haýsydyr bir baýyň kem akyl ogullaryna bermek islemeýär. Günlerde bir gün baýyň aklyna bir pikir gelýär ol özüniň hyzmatkärlerine bir ullakan basseýn (howuz) gurdurýar we onuň içine 22 sany krokadil goýberýär. Ol bütin dünýädäki ýaş oglanlara çakylyk goýberýär. Dünýäniň her ýerinden özüne göwni ýeten ýigitler gelýär we görseler ýokardan şol basseýna böküp diri çykana baý adam öz gyzyny berjek bolýar. Eger oglan gyzy saýlamasa onda baý öz ummansyz baýlygynyň 50%-ni bermäge razy bolýar. Şeýlelik bilen 1 sagat geçýär... 2 sagat... 3 sagat... Hiç kim bökenok. Baý bularyň bolup durşyna çydaman, indi bular asla bökmez diýende içinden bir oglan suwa bökýär! Ýaňky oglan suwa gaçandan soň öz janyny halas etmek üçin elinden gelenini edip ähli güýji bilen ýüzüp başlaýar, ol hatda krokadillerden hem tiz ýüzýär we basseýnden diri çykýar!!! Hemme adamlar munuň ýanyna ylgap gelip: "Aý how! Sen näme aklyňdan azaşanmy!? Sen kim bolsaňam örän batyr ekeniň!" Diýýärler. Soňra baý adam onuň ýanyna gelip:
- Ogul, seniň görkezen edermenligiň haýran galdyrýar! Sen näme isleseň edeýin! Aýt! Meniň gyzymy gelin edip almak isleýäňmi?
- Ýok. Men seniň gyzyňy gelin almak islämok.
Baýyň göwni ýykylýar:
- Bäh... Onda sen meniň 50% baýlygymy isleýäňmi?
- Ýok. Men seniň baýlygyňy hem islämok.
Baý ýene haýran galyp:
- Onda sen näme isleýäň!?...
- Men... Meni ýaňky ýerden yzymdan itekläp goýberen adamy isleýän!
Göräýmäge bu hekaýa gülkünç yaly bolup biler. Ýöne munyň manysy ulydyr. Bilşiňiz ýaly hekaýanyň ady "Görünmeýän talant". Bu talant hem şol oglanda döränligi hakdadyr. Biziň her birimiziň öz talandymyz, ukyp başarnygymyz bar. Kimler ony eýýäm bilýändir, kimler bilmeýändir... Hatda ol ýigidiň özi hem şol suwa bökmänkä özüniň şeýle tiz ýüzüp biljegine ynananokdy. Emma haçanda adamyň üstüne howp abanan wagty, howsala düşen wagty ýa-da wajyp bir wagtda özüňi görkezeninde onuň güýji ýok ýerden peýda bolýar. Biziň hemmämizem güýçli, her birimiziň hem içimizde super güýjimiz bar. Ýöne ony bilmek üçin biraz wagt sarp edilýär. Diňe sabr...

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.