Soltan nädip gowulaşdy?
SOLTAN NÄDIP GOWULAŞDY?
Gadym zamanlarda soltanlaryň biri diýseň ýowuz derde uçrapdyr welin, ol derdiň adyny agzasymam gelenok.
Ýunan (grek) tebiplerinden bir topar üýşüp, şeýle netijä gelipdirler: “Bu derdiň dowasy diňe şeýle-şeýle häsiýetdäki adamyň gany bolup biler…”
Soltan buýruk çykaryp, çar tarapa adam ýollapdyr. Tutuş ilaty aýlanyp çykan çaparlar, ahyry obalaryň birinde bir oglanjyga gabat gelýärler. Edil tebipleriň salgy berşi ýaly eken.
Soltanyň adamlary oglanjygyň ene-atasyny puldur mal-mülk berip razy edipdirler-de oglanjygy ýanlary bilen alyp gaýdypdyrlar.
Soňra soltan bu işi kaza tabşyryp, oglanjygyň öldürilmegine fetwa (höküm) çykarmagyny isläpdir.
Kazy:
– Soltanyň saglygy we salamaty üçin raýatlardan biriniň ganyny dökmek bolýar! – diýip, fetwa çykarypdyr.
Oglanjygy alyp, jellada tabşyrypdyrlar. Jellat ýaňy bir gylyjyny ýokary göterip, onuň boýnundan saljak bolup durka, oglanjyk asmana seredip, ýylgyryp goýberipdir.
Çaganyň şolar ýaly pursatda hem gülüp goýbermegi soltany geňirgendirýär. Ondan: “Eý oglanjyk, güler ýaly näme bar şu wagt?” diýip sorapdyr.
Oglanjyk oňa şeýle jogap beripdir:
– Soltanym, çagalar näz etse, ene-atasy olary diňleýär. Dawalar kazylaryň gapysynda çözülýär. Adalat, soltandan garaşylýan bir zat.
Indi siz meniň halyma bir garap görüň. Ene-atam dünýe maly üçin meni ölüme tabşyrdy. Kazy ganym dökülsin diýip, fetwa çykardy. Soltan bolsa, saglygyna gowuşmak üçin meniň ölümime garaşýar… Alladan gaýry arkadaýanjym galmady. Şonuň üçin asmana seretdim we Onuň adalatyna we merhemetine sygyndym. Onuň maňa rehim etjekdigine ynanybam ýylgyrdym.
Oglanjygyň aýdan sözleri soltana şeýle bir täsir edipdir welin, gözüniň owasy ýaşdan dolupdyr. Ol:
– Beýle günä bilen ýaşanymdan ölenim ýegdir! – diýipdir. Oglanjygy gujaklap, maňlaýyndan ogşapdyr. Oňa birgiden halat-serpaý ýapypdyr, pul, mal-mülk berip, özünem azat edipdir.
Şondan bir hepde geçip-geçmänkä soltan ol keselden saplanypdyr we öňki saglygyna gowuşypdyr.
(Sagdy, “Gülüstan”)

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.