*****

Men onuñ gitjegine ynanmadym. "Ol ýykyldy,çep tarapy ysmaz boldy" diýenlerinde-de, bir ýanyny ýere berip ýatanyny hut öz göreçlerim bilen görenimde-de, "Agyr ýatyr" habaryny eşdip,işden gelşime gyr-gyssag ýanyna baranymda-da.Diñe ýakyn hossarlarymyzyñ çagalary,ýüregi ýukalar onuñ soñky pursatlaryny görmejek bolup,biziñ öýümize geleninde ilkinji gezek ony ýitirjegime bolan ynam gursagyma aralaşdy.Şonda sagadyñ gijäñ ýarydygyna garamazdan olara bakan ýüwürdim.Düşegiñ üstünde özüni bilmez halda soñky demini sanap ýaty:rdy mähribanymyñ mähribany.
...Men onuñ iñ söýgüli agtygydym.Munuñ näme diýmekdigini bilýäñizmi? Çagalykda munuñ manysy mamama gelýän ähli süýji şokolatdyr kökeleri maña hödürlemegidi.Ulalansoñ welin manysy has çuñlaşýan eken.Onuñ bilen gatnaşygymyz juda başgaçady.Haçan-da gelenimi gördügi ýüzünde yssy ýylgyryş peýda bolardy-da,ýañaklaryndan taýly gezek ogşanymdan soñ ol ýylgyryş gülkä öwrülerdi.Her gezegem "Mama meni tanadyñmy" diýenimde "Hä tanadym" diýerdi.
...Ýatlamalar.Ýatlamalar olary başdan geçiren adamlaryñdan biri bakyýete göç eýlände mukaddesleşýän eken.Mamam bilen bagly wakalaryñ ählisi-de añymda mukaddesleşdi.Häzir olary ýatlamak meñ üçin hem ezýet,hem lezzet.Ezýet,çünki indi onuñ ýanymda ýoklugyny,bolmajakdygyny bilýän.Lezzet,çünki ikimiziñ şonça ýatlamamyz bolupdyr.Ýatlamalar serimde aýlandygyça gözýaşlarym ýazgymyñ üstüne damýar.Düýnden bäri yzyna serpikdiren gözýaşlarymy çagalaryñ gaýtmagyndan peýdalanyp,erkine goýberýärin.
...Mamam çagalygy açlyk ýyllaryna gabat gelip,ejesini ýer titremesinde,kakasyny Beýik Watançylyk urşunda ýitiren ençeme çaganyñ biri.Ony bir maşgala gyzlyk alyp terbiýeläp ýetişdiripdirler.Ýañy on sekiz ýaşanynda bolsa babama durmuşa çykarypdyrlar.Perzentleriniñ birini ýagty jahana indirende özüniñkä ters gan goýberilmegi sebäpli akly üýtgäpdir.Şondan bärem misli çaga mysaly päkdi mähribanymyñ mähribany.Hamala,ol gören ejirlerem az ýaly segsen ýaşlaryndaka keselden ezýet çekip,iki gözi görmez bolupdy.Daýymyñ eden yhlaslaryndan soñ onuñ bir gözi açylypdy,bir gözi bolsa şol durşuna galypdy.Biz oña kaýyldyk,başymyzda aman-sag bolup gezip ýörse bolýardy.
...Mamamy göz operasiýasyna äkiden günümiz dek düýn ýaly ýadymda.Men,ejem we daýym bile gidipdik.Daýym meniñ barlygymda mamamy haýsydyr bir ýerlere äkitmäge razy etmegiñ añsatlaşýandygyna ynanýardy.Dogrusy,şeýledi hem.Şonuñ üçin mamam nirä äkidilse menem ýany bilen giderdim.
...Soñky bir ýylyñ içidir onuñ öñünde özümi müýnli saýýardym.Iş-aladalary sebäpli ony görmäge seýrek giderdim.Haçan-da onuñ çep tarapynyñ ysmaz bolandygy baradaky habary alanymda bolsa...
....Eger yhlasa bir zat berilýän bolsa mamam aýaga galmalydy.Ol bu dünýädäki iñ mert zenanlaryñ biridi.Togsan-ýüz ýaşamalydy,iñ söýgüli agtygynyñ toýuny görmelidi.
...Häzir ol ýanymda bolsa,hemişeki edişim ýaly ýañaklaryndan taýly gezek ogşasam,gujagynda ýatsam,maña hödürlän şokolodlaryndan "Mama,sen arkaýyn iýiber,men iýip geldim" diýip ýüz öwürsem ýa-da öwürmesem.Käşgä hossarlarymyzyñ,mähribanlarymyzyñ gymmatyna ýitirmezden düşünýän bolsadyk käşgä...
Mamamyñ dünýesini täzelän gijesi ýanymda daýymyñ gyzy bilen onuñ bäş-alty aýlyjak gyzjagazy Mähriban ýatdy.Mähribana bakdygymça oýlandym.Ölmek we dogulmak.Mamam ýüregimde ölümiñ ýiti yzasyny ýatladyp duran bolsa,Mähriban maña ýaşaýyşy ýatladýar.Posalajyk ýañaklary,enaýyja ýylgyryşy,kiçijik eljagazlary bilen az salymlygam bolsa ýitgimizi unutdyrýar.
...Mamamyñ iñ soñky pursatlary ýene göz atuwymda janlanýar.Özüni bilmezden agyr dem alyp ýatyrka,ýanynda oturyp ellerinden sypapdym.Emma onuñ ýagdaýynyñ has-da agyrlaşýandygyny gören hossarlarym meni turuzmak bilen boldular.Iñ soñky gezek elini sypalanymda "Mama,menden razy bol!Menem senden razydyryn! " diýdim. Bu indi ony ýitirjekdigime ynanmak,muña kaýyl gelmekdi.Başga näme edip bilerdim.Mamam ählimiziñ irde-giçde barjak ýerine bakyýete barýardy.Hoşlaşyp gaýdanymyñ yzysüre onuñ dünýesini täzeländigi habaryny aldyk.Ses edip,gözýaşlarymyñ böwedini böwsüp,aglamak isledim.Aglap bilmedim.Ýanymda menden has ejizler,çagalar bardy.Olaryñ ýanynda mert durmalydygyma düşündim.
Gursagymdan bir ses welin dat-bidat edýärdi."Bu nähili beýle bolýar? Mamam.Dünýädäki ýüregime iñ ýakyn ikinji zenan.Nädip gidip biler? Ol aýaga galjakdy ahyry". Galmalydy.Çowlugy Mähribany gujagynda götermelidi,gyzlaryny,ogluny,agtyklaryny daşyna üýşürip toýlarda baş törde oturmalydy.
Çünki,men onuñ gitjegine ynanmadym...
5 лайков 237 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
29 окт 2022, 17:21
bu dunyan azabyndan dynypdyr, imany hemra bolsun
Öwreniji
29 окт 2022, 18:18
Yzy ýarasyn
Ejegyz.
29 окт 2022, 18:51
Yzy ýarasyn.
Ahmet
30 окт 2022, 23:43
Yzy ýarasyn!
Ahmet
30 окт 2022, 23:48
Ýatan ýeri ýagty, jaýy Jennetden bolsun! Ýöne kiçiräjik bellik edesim geldi:
《...Mamam çagalygy açlyk ýyllaryna gabat gelip,ejesini ýer titremesinde,kakasyny Beýik Watançylyk urşunda ýitiren ençeme çaganyñ biri.》
Şu sözlemiň iň soňunda "çaganyň" sözüne derek "çagalaryň" bolsa dogry bolaýjak ýaly...
kone natanysh
31 окт 2022, 07:53
Jennetden jaýy bolsun!
Massimus
31 окт 2022, 09:59
Jaýy jennet bolsun, yzy ýarasyn
Belki
Автор 02 ноя 2022, 20:47
Ahmedik,dogry aýdýañ.Ýazan wagtymda üns bermedim.Bar derdim duýgularymy gyzgyny bilen beýan etmekdi.