Tekemuhammet

Salyr Gazanyñ döwründe Owganystan şasynyñ bir gyzy bolupdyr . Kim şol gyzy göreşip ýykyp bilse , şoña äre barjakmyş . Bu gyzyñ dabarasy dag aşyp, munuñ habary Salyr Gazanyñ hem gulagyna ýetipdir . Gazan: --O nä gyzka ? Biz hem bir onuñ bn synanşyp göräýsek näderkä ? diýip şol gyzyñ üstüne ugraýar . Bu gyzyñ üstünde Salyr Gazandan ozal hem ençeme ýigitler kellelerini goýupdylar . Garaz , ýa ölmeli, ýada göreşde ýykyp alaýmaly . Gyzyñky belli , pylan şanyñ gyzyny gujaklap galdym diýdirjek gümany ýok . Az ýöräp köp ýöräp Gazan hem bärden barýar . Munuñ hem habaryny alýalar Gazan habaryny berýär . Demini dynjyny dürsänden soñ göreş başlanýar . dowamy teswirde
3 лайков 472 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
Автор 02 сен 2021, 07:24
Bir gün göreşdiler , ýykylyşyp bilmän aýyrylyşdylar , iki gün göreşdiler , ýykylyşyp bilmän aýyrylyşdylar . Üçilenji gün Salyr Gazan öz--özüne "Eger bir gyzdan ýeñilsem meniñ adym biabraý bolar " diýip , tañrydan Muhammetden tekýe isläp , bar güýjini toplap , şeýlebir zomady , gyz onuñ güýjini görüp: -- Indi men seniñki --diýip bagyryberýär . Emma Salyr Gazan onuñ gygyrmagyna bakman ýykýar . Şondan soñ gyzy nikalap Gazana beripdirler . Ol zamanlarda toý gyzyñ atasy öýünde bolarmyş , giýew hem şol ýerde bäş üç gün bolarmyşyn ... dowamy aşakda
Maksat
Автор 02 сен 2021, 07:34
Salyr Gazan hem şol ýerde iki üç aý ýaşap , ahyrda gyzy alyp öz ýurduna dolanyp gelýär. Aradan birnäçe wagt geçenden soñ , Salyr Gazanyñ bir ogly bolýar , ol oglanyñ adyna Tekemuhammet diýip at goýýarlar . Mundan soñ ýene bir ogly bolýar , onuñ adyna Sary dakýalar . Gazan ölenden soñ hem bu aýalyndan bir ogul bolupdyr , onuñ adyna hem Salyr Gazanyñ ady dakylanmyş .
Çeşme Gorkut ata kitaby .
Ýury
02 сен 2021, 20:39
Gyz owgandan bolsa gyz talibanmyka
Ýury
02 сен 2021, 20:39
Menden like