Burla hatyn

Bagul Ataýewa ün niýetlenen(doly kitabyny kitaphanada paýlaşaryn)

“Salyr Gazanyň öýüniň talanylmagy” boýunda ar-namys öň hatarda
goýulýar. Duşmanlar Burla hatyna şerap süzdürip, Salyr Gazany namys astynda
galdyrmak isleýär. Emma ýesir alnan zenanlaryň içinden Burla hatyny tanap
bilenoklar. Şonda duşman Şükli Melek: “Orazy asyň, etinden goparyp alyň,
gara gowurma bişiriň, gyzlara eltip beriň, kim iýmese, şol Gazanyň aýalydyr”
diýýär.
Burla hatyn näme etjegini bilmän aljyrap, ogly Orazyň ýanyna gelýär:

Oglum-oglum, aý oglum,
Men seniň etiňden iýeýinmi?
Ýa porsy duşmanyň düşegine gireýinmi?
Ataň- Gazanyň namysyny ýere çalaýynmy,
Näme edeýin, oglum?-

diýýär.
Aýal maşgala ar-namysyny perzentden hem ýokary goýýar, Emma perzent
şu meselede enäni hem gaýgyrmaýar.
Bu ne sözdür? Saklan hatyn ene,
Meniň üstüme gelme, meniň üçin aglama,
Goý meni çeňňele ursunlar, goý etimden kessinler,
Gara gowurma etsinler, kyrk gyzyň öňüne eltsinler,
Olar bir iýse, sen iki iýgil.

Orazyň şu sözleri atasy Salyr Gazanyň ar-namysyny belent tutmaklyga
çagyryş bolup ýaňlanýar. Oglunyň sözlerini eşiden Burla hatyn wepalylygyň,
ar-namysyň nusgasyny görkezýär.
Eposda milli oýunlaryň aglabasy ýatlanylýar. Göreş tutdurmak, ýaglyga
towusmak, altyn gabak atdyrmak, ýaş oglanjyklaryň aşyk oýnamagy ýaly milli
oýunlar eserde beýanyny tapýar. Aslyny Gorkut ata döwründen alyp gaýdýan
göreş tutmak, pälwanlaryň güýç synanyşygy biziň şu günlerimizde-de dowam
etdirilýär.
Türkmen däp-dessurlaryna mahsus bolan aýratynlyklaryň ýene biri
begençli wakany buşlamak, ýagny söýünjelemek, buşluk hakyny almak ýaly
pursatlar hem ünsüňi çekýär. Eserde beýan edilişi ýaly, on alty ýyllap duşman
gabawunda bolan Beýregiň boşap gelenini magşuk gyzy Çiçegiň onuň eneatasyna buşlaýan pursady, ine şeýle beýan edilýär: “On alty ýyllyk hesretiň,
ogluň Beýrek geldi ahyr. Gaýyn ata, gaýyn ene, muştulyk, maňa ne werersiz”
5 лайков 171 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
- Dani
Автор 21 ноя 2021, 21:46
kitaphana bölimçede paýlaşdym, kitaby ýükläp 104-122 sahypa göz aýla, şo taýda Burla haty nm ün öz oglynyň etini iýýäni ýazylgy
Aýnur
21 ноя 2021, 21:50
Bayy menem hayran galypdym E.n saytyndada
NEMOO
21 ноя 2021, 22:01
- Dani,
Kitaphana nirde bar kitapcydamy ya vi sonam men soraglaryma jg bermedin ya vagt tapylanokmy
- Dani
Автор 21 ноя 2021, 22:03
Цитата: Nemoo
- Dani,
Kitaphana nirde bar kitapcydamy ya vi sonam men soraglaryma jg bermedin ya vagt tapylanokmy

Гормандирин.хазир ответ язджак
- Dani
Автор 21 ноя 2021, 22:04
Цитата: Nemoo
- Dani,
Kitaphana nirde bar kitapcydamy ya vi sonam men soraglaryma jg bermedin ya vagt tapylanokmy

Шу сайтын китапханасында бар
- Dani
Автор 21 ноя 2021, 22:05
Цитата: Mona Songz
Bayy menem hayran galypdym E.n saytyndada

Менем шонда гордим ве шу тайда блог ачдым
Aýnur
21 ноя 2021, 22:15
Цитата: - Dani
Цитата: Mona Songz
Bayy menem hayran galypdym E.n saytyndada

Менем шонда гордим ве шу тайда блог ачдым

Malades✋
- Dani
Автор 21 ноя 2021, 22:23
Цитата: Mona Songz
Цитата: - Dani
Цитата: Mona Songz
Bayy menem hayran galypdym E.n saytyndada

Менем шонда гордим ве шу тайда блог ачдым

Malades✋

Yatanokmy sen aklm?
- Dani
Автор 22 ноя 2021, 07:56
Цитата: Bagul_Atayeva
Şu gün "Taryhda öz oglunyň etini iýen eje kim?" diýen soraga gabat geldim. Hiç hili yadyma düşmedi şu waka. Minnetdar köp köp.

aha. Bu sorag menem gyzykdyrdy?sanada minnetdar