***********

Kiçijik gyzjagaz elinde 2 sany alma saklaýardy. Ejesi mylaýym sesi, ýylgyryşly ýüzi bilen öz kiçijik gyzyndan:
"Gyzym sen maňa bu iki almaň birini berip bilmezmiň?" diýip sorady. Gyzjagaz birnäçe sekundyň içinde ejesiniň ýüzüne seretdi-de, duýdansyzlykda ilki bir almany, soň ikinji almany dişledi. Bu aýalyň ýüzünden dessine ýylgyryş ýitirim boldy, emma gyzyna gynananlygyny bildirmezlige synanyşýardy. Ol aýal, söýgüli gyzynyň özi bilen almany paýlaşmak islemeýänligine gynandy.
Birden, bu gyzjagaz elindäki bir almany ejesine uzatdy-da:
"Eje al bu alma has süýji ekeni" diýdi. Ejäniň gözi ýaşdan doldy...

Bu wakanyň asyl manysy:
"Siz akylly, uly we has tejribeli bolmagyňyza garamazdan, hiç wagt başgalary tankytlamana synanyşmaň...Goý, olara düşündirmeklerine mümkinçilik ber. Siziň görýän zadyňyz aldawçy, göz baglaýjy bolup biler."

Türkmen dünýäsi (Line)
7 лайков 132 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
noname
14 июн 2022, 08:08
Cagalardanam öwrenmage zat bar 1+
Babahanowa_g
14 июн 2022, 08:24
Yetirip durun
Şagyzy Şazada
14 июн 2022, 09:21
şu makala güneş zurnaldada çykypdy “Iň süýji alma”diýip