Öz-özümden utandym...

Bu gezek hem bazara baryp ulagmyzy goýmaga boş ýer peýläp esli wagt eglendik. Ahyry ulagmyzy goýmaga ýer tapyp bazara girdik. Söwdam tiz oñup çagalañ kakasyndan öñ ulagmyzyñ ýanyna gaýdyp geldim. Gelip görsem biziñ ulagmyzyñ öñünde kimdir biri ulagyny goýup gidipdir. Bu añrybaş, hemme kişä ýetdirip durmaýan ulaga seredip oýlanyp başladym.«Ynha-da adamlañ baýaberse etýän hereketleri. Äsgermezçilik edip ýörejek ýolumyzda ulagyny goýup gidipdir.»- diýip, bu ulagyñ eýesine ýagşylykdan başga näme bar bolsa öz ýanymdan ýöñkemäge başladym. Hälem ulagyñ eýesi wagtynda dolanyp geläýdi. Gele-gelmäne maña ýüzlenip" Gelneje, bazara tiz girip çykmakçydym. Şoñ üçin ulagymy goýaýdym-da. Kän garaşdyran bolsam bagyşlañ. Sizi ýoluñyzdan eglän däldirin-dä hernä"-diýip, ak ýürekden ötünç sorap ýaş ýigit ýoluny dowam etdirdi. Ýaş ýigidiñ hoşmaýlyk bilen ötünç soramagy meni öz-özümden, tanamaýan adamym hakda eden pikirlem sebäpli juda utandyrdy. Onuñ bolsa ýüz-gözünden nur dökülip duran keşbine has hem nur çaýdy.
Ýagşy sözüñ gudratyny boýun bolup,ýylysyna çoýynyp ýaşalyñ. Ýaman pikir kalbymyzy hapalap ýetişmänkä ýagşy sözler dadymyza ýetişsin. Goý, kalbymyz hemişe owadan pikirli bolsun we ýagşy sözleñ çeşmesi bolsun.

Gyzylgül Annagylyjowa
8 лайков 187 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Milana
14 июн 2022, 10:27
Uyamyzdan gorelde almana zat kan
- Dani
14 июн 2022, 15:51
Mende şeýle sluçiý köp boldy, soňundan menem utanýadym