Gysgajyk miniatýuralar
Oňa "Ýorganyňa görä aýak uzatgyn" diýdiler. Ol ýorganyny gözläp tapyp bilmedi.
***
Tüpeňiň nili gönükdirilende, ok göçmänkä ol ýere ýazyldy.
***
Ýazyjy indi ýazjak eserlerine ýene-de okyjylaryň "ýüz ýyldan" soň düşünip biljekdiklerine ynanýardy. Onuň eserleri ýene-de ýüz ýyl ýaşap bilse bolany, hawa, bary-ýogy ýüz ýyl...
***
Durmuşyny, gör, näçenji gezek täzeden başlady. Emma durmuşa bolan pikir-garaýyşlaryny, düşünjelerini welin täzelemedi...
***
Ýüz görülýän aýnanyň öňünde durka, kimdir biriniň özüne ýakymsyz, gaharly seredip durandygyny gördi...
***
Näçe ösdügiçe adamyň aňy,
Durmuşymyz şonça çylşyrymlaşar.
***
Oglan "söýgi" sözlerine aýtmak üçin gyzyň gözlerine bakanda, ol gözlerden başga bir ýigdiň keşbini gördi...
***
Oňa "sen çaga ýaly" diýdiler. Ol muňa hasam ynandy, ulalyp oňalmadyk!
***
Ony şahyr diýip öwdüler, kitabyny çykardylar... Ol entek hiç zadam ýazmandy...
***
Dünýä inende, onuň hiç hili ene-atasy ýok eken...
***
Münmek üçin, ulaga tarap ýönelende, geň galdy, ulagyň gapysy ýokdy. "Gapysyz hem ulag bolarmy?" diýip pikirlenip durka, birdenkä çöwrülgi duran kisesine gözi düşdi...
***
Ýassygyny goltuklap, o jaýa geçdi, soň beýleki otaglara aýlandy, ol ýerlerden hem tapmady. "Beh, uky nirä ýitirim bolduka?!".
***
Ol şunça ýazsa-da, köp eser döretse-de, täze çap edilen kitabynyň sahypalary boş çykdy...
***
Oňa Adam bolmagy beýik adamlar öwretmändi...
***
Öýüne girjek bolanda, açary öýüň gapysyny açmady... Asyl, gapysyny däl, onuň öýüni "ogurlan" ekenler...
***
Sürüji ulagyny bejertmek üçin ulagyny satmaly diýen karara geldi...
***
Seýilgähe ýarym sagat gijä galyp gelen oglan gyzyň başga bir ýigit bilen gürleşip durandygyny gördi. Oglan hernä wagtynda gelip ýetişdi, ýogsam gyz tas ol oglana yryljak ekeni. Hawa, wagtynda ýetişäýdi...
***
Ol ýok zatlaryň pikirini edip, pikirlerini ýoga çykardy...
***
Oňa "aýagyňy ters basýaň" diýip igendiler. Ol munuň üçin köwşüni çalyşmagy ýüregine düwdi...
Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.
26комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.