Gysga miniatýuralar

GYSGA MINIATÝURALAR

Oňa "Ýorganyňa görä aýak uzatgyn" diýdiler. Ol ýorganyny gözläp tapyp bilmedi.

***

Tüpeňiň nili gönükdirilende, ok göçmänkä ol ýere ýazyldy.

***

Ýazyjy indi ýazjak eserlerine ýene-de okyjylaryň "ýüz ýyldan" soň düşünip biljekdiklerine ynanýardy. Onuň eserleri ýene-de ýüz ýyl ýaşap bilse bolany, hawa, bary-ýogy ýüz ýyl...

***

Durmuşyny, gör, näçenji gezek täzeden başlady. Emma durmuşa bolan pikir-garaýyşlaryny, düşünjelerini welin täzelemedi...

***

Ýüz görülýän aýnanyň öňünde durka, kimdir biriniň özüne ýakymsyz, gaharly seredip durandygyny gördi...

***

Näçe ösdügiçe adamyň aňy,
Durmuşymyz şonça çylşyrymlaşar.

***

Oglan "söýgi" sözlerine aýtmak üçin gyzyň gözlerine bakanda, ol gözlerden başga bir ýigdiň keşbini gördi...

***

Oňa "sen çaga ýaly" diýdiler. Ol muňa hasam ynandy, ulalyp oňalmadyk!

***

Ony şahyr diýip öwdüler, kitabyny çykardylar... Ol entek hiç zadam ýazmandy...

***

Dünýä inende, onuň hiç hili ene-atasy ýok eken...

***

Münmek üçin, ulaga tarap ýönelende, geň galdy, ulagyň gapysy ýokdy. "Gapysyz hem ulag bolarmy?" diýip pikirlenip durka, birdenkä çöwrülgi duran kisesine gözi düşdi...

***

Ýassygyny goltuklap, o jaýa geçdi, soň beýleki otaglara aýlandy, ol ýerlerden hem tapmady. "Beh, uky nirä ýitirim bolduka?!".

***

Ol şunça ýazsa-da, köp eser döretse-de, täze çap edilen kitabynyň sahypalary boş çykdy...

***

Oňa Adam bolmagy beýik adamlar öwretmändi...

***

Öýüne girjek bolanda, açary öýüň gapysyny açmady... Asyl, gapysyny däl, onuň öýüni "ogurlan" ekenler...

***

Sürüji ulagyny bejertmek üçin ulagyny satmaly diýen karara geldi...

***

Seýilgähe ýarym sagat gijä galyp gelen oglan gyzyň başga bir ýigit bilen gürleşip durandygyny gördi. Oglan hernä wagtynda gelip ýetişdi, ýogsam gyz tas ol oglana yryljak ekeni. Hawa, wagtynda ýetişäýdi...

***

Ol ýok zatlaryň pikirini edip, pikirlerini ýoga çykardy...

***

Oňa "aýagyňy ters basýaň" diýip igendiler. Ol munuň üçin köwşüni çalyşmagy ýüregine düwdi...

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.

06.10.20 ý.


Çeşme: kitapçy.com
3 лайков 167 просмотров
20комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Dawut
18 май 2022, 07:37
Iliň bagt çyrasy ýandy diýilýä muňky garit boldy
Dawut
18 май 2022, 07:49
Gyza garaşyp illeň sabyr käsesi dolýan bolsa muňky gazan-çanagy bn püre pür bolly
Dawut
18 май 2022, 07:53
Illeň maňlaýy daş ýarýan bolsa, daş myň maňlaýyny ýarýa
Hiayress
Автор 18 май 2022, 08:14
Aýalyny, çagalaryny taşlap, bagtyň gözlegine çykdy.
Hiayress
Автор 18 май 2022, 08:15
Geçmişine atanak çekdi, şeýdibem geljeginiň öňüne böwet basandygyny duýmady.
Hiayress
Автор 18 май 2022, 08:18
Üýşmeleňde dymman gürleýärdi, oturanlar bolsa dymyp, onuň sözlerini ýalana çykarýardylar.
Hiayress
Автор 18 май 2022, 08:19
Iş bitirseň, direktor tanar.
Hiayress
Автор 18 май 2022, 08:20
Ýene 3 ýyldan 1995-nji ýyl, 30 ýyl mundan öň bolýar.
Hiayress
Автор 18 май 2022, 08:20
Ýöne ýazdym, gaty pikire batyrdy.
Hiayress
Автор 18 май 2022, 08:22
Ol oglan hemişe küýkerip ýöreýärdi, sebäbi gulaklygynyň (nauşnik) simi keltedi.
Hiayress
Автор 18 май 2022, 08:22
Öň bir adam bar eken, ana şol şu wagtam bar diýýär.
Hiayress
Автор 18 май 2022, 08:27
Öňem bir patyşa: "Näçe ýyl patyşa bolduň?" diýipdirler, weli "Ýedi ýyl" diýipdir. Ol özüniň çaga ýyllaryny aýdypdyr.
Hiayress
Автор 18 май 2022, 08:28
"Dünýäden doýdum, sapança tapsam dynjak" diýip bir ýyllap käkeledi. Ahyry, öz sapançamy eline tutdurdym weli: "Gaýraty kim bererkä?" diýdi.
Dawut
18 май 2022, 08:31
Hiayress,
hihi Aý bizede gülmäge zat tapylýaraý
Hiayress
Автор 18 май 2022, 08:31
Bir adam ömründe ilkinji sapar öz durmuşyndan nalamady, çünki, şol güni onuň damagy agyryp, sesi çykman galypdy.
Hiayress
Автор 18 май 2022, 08:32
Oňat eseriň başyndan girip, aýagyndan çyksaňam, täsirinden çykyp bolanok.
Hiayress
Автор 18 май 2022, 08:32
Umytdan düşülensoň, hyýala münülenok.
Hiayress
Автор 18 май 2022, 08:33
Bir zamanlar toprakdan Adam ýaradan Ýaradan indi adamdan toprak ýaradýar.
Dawut
18 май 2022, 08:48
Myň ýaly oglany gündiziň günortany iliň projekteri bilen tapyp bilmersiň, gije özi doňup bir ýerlerden çykaýmasa
Aksary
18 май 2022, 11:07
Pylanyñ mañlaýy daş ýardy diýýäler,muñ mañlaýyny daş ýardy