Köňül ýatmaz hiç

KÖŇÜL ÝATMAZ HIÇ

Alla ady bilen tirik bolan dil,
Göz ýumulmak bilen köňül ýatmaz hiç.
Köňül bostanynda iman täze gül
Bir açylsa durar solup ýitmez hiç.

Bar nygmatdan ýegdir saglyk mazasy,
Bar gullukdan ýagşy hakyň ryzasy,
Eger dogry gelse, ajal kazasy,
Müň ýalbarmak bilen köňül güýtmez hiç.

Ýigitler, sözüme bir gulak asyň,
Dünýä dostlugynyň tamasyn kesiň,
Haýsy ýan köp bolsa yşkyň-höwesiň,
Ýatsaň-tursaň hyýalyňdan gitmez hiç.

Adam ogly, dünýä geldiň gitmäge,
Görüpdur sen, barjak ýeriň ýatmaga,
Jäht eder sen çalnyp jahan tutmaga,
Meger, bu işlere, aklyň ýetmez hiç.

Eý, jahan mülkünde gezen serperaz,
Bir bende men, köp sözleýip bilmen, az,
Jahan bazarynda pelek-humarbaz,
Hiç şähw bile ynsan ony utmaz hiç.

Aş-suw bile, gerçe tapar ten maza,
Şirin sözdür jan gulagyna geň maza,
Jan öýünden hoş nesihat aňmaza,
Gaty daşa degen suwuň ötmez hiç.

Magtymguly, ýigitlik bir ýaz görner,
Jany saga mydam söhbet-saz görner,
Ýagşy günler ýüz ýyl geçse, az görner
Ýaman günler az hem bolsa, ötmez hiç.


HÖWESIDIR

Adam ogly pikriň-zikriň,
Ýalançynyň höwesidir.
Häzir bu pikre gidersen,
Bir gün derde goýasydyr.

Bir gün girer ýere başyň,
Unudar kowum-gardaşyň,
Namazyň, rozaň ýoldaşyň
Bir-de diliň senasydyr.

Aňtaşarlar sagda, solda
Şeýtan ýol keser bu ýolda,
Erkli gorgan, agyr dalda,
Şerigatyň galasydyr.

Bu jahanyň sermaýasy,
Ryzk sebäbi, Hak saýasy,
Ýer diregi, gök paýasy
Derwüşleriň dogasydyr.

Geçer ömür, öter bu dem,
Ne ýörür sen gedem-gedem,
Pili raýa salan adam,
Seni gurçuk iýesidir.

Daglar bardyr, daşlar bardyr,
Ýazlar bardyr, gyşlar bardyr.
Ýaman-ýowuz işler bardyr,
Başa gelen duýasydyr.

Magtymguly, yşk meýdandyr,
Bu meýdana giren jandyr,
Janyň hem tende myhmandyr,
Beren bir gün alasydyr.

Magtymguly PYRAGY
3 лайков 115 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Remezan
18 май 2022, 10:05
We filosofiýanyda gowy öwrenmeli