Köňül ýatmaz hiç

Köňül ýatmaz hiç

Alla ýady bilen tirik bolan dil,
Göz ýumulmak bilen köňül ýatmaz hiç.
Köňül bostanynda iman täze gül,
Bir açylsa durar solup ýetmez hiç.

Bar nygmatdan ýegdir saglyk mazasy,
Bar gullukdan ýagşy hakyň ryzasy,
Eger dogry gelse, ajal kazasy,
Müň ýalbarmak bilen köňül güýtmez hiç.

Ýigitler, sözüme bir gulak asyň,
Dünýä dostlugynyň tamasyn kesiň,
Kaýsy ýan köp bolsa yşkyň - höwesiň,
Ýatsaň - tursaň hyýalyňdan gitmez hiç.

Adam ogly, dünýä geldiň gitmäge,
Görüpdur sen, barjak ýeriň ýatmaga,
Jäht eder sen, çalnyp jahan tutmaga,
Meger, bu işlere, aklyň ýetmez hiç.

Eý, jahan mülkünde gezen serperaz,
Bir bende men, köp sözleýip bilmen, az,
Jahan bazarynda pelek - humarbaz,
Hiç şähw bile ynsan ony utmaz hiç.

Aş-suw bile, gerçe tapar ten maza,
Şirin sözdür jan gulagyna geň maza,
Jan öýünden hoş nesihat aňmaza,
Gaty daşa degen sözüň ötmez hiç.

Magtymguly, ýigitlik bir ýaz görner,
Jany saga mydam söhbet - saz görner,
Ýagşy günler ýüz ýyl geçse, az görner,
Ýaman günler az hem bolsa, ötmez hiç.

Magtymguly ýüregimde dert dörär,
Kim görüpdir goýunlardan gurt dörär,
Eý ýaranlar, mert ýigitden mert dörär,
Haçan turdy namart ogly mert boldy?

Magtynguly Pyragy
4 лайков 149 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.