Guýa gaçan Eşek

Günlerde bir gün obalaryň birinde daýhanyň eşegi kör guýa gaçýar. Eşek birnäçe sagatlap urunýar we aňňyrýar. Sesini eşiden eýesi gelip, seredip durka, guýynyň düýbündäki biçäre eşegi görýär.

Umytsyz daýhan oba adamlaryndan kömek soraýar. Oba adamlary eşegi kör guýudan halas etmek üçin näme etmelidigi barada oýlanýarlar, ýöne ahyrsoňunda ony halas edip bolmajakdygyna we tagalla etmegiň peýdasyzdygyna karar berýärler.

Ýeke-täk çözgüt guýyny toprak bilen örtmekdir. Her kim elindäki pili bilen guýa toprak zyňýar. Biçäre haýwan her gezek üstüne düşen topragy silkip, düýbe dökýär.

Biraz wagt geçensoň, aýaklarynyň aşagyndaky topragyň kömegi bilen her pursatda birneme ýokary galýar we ahyrsoňy ýokary çykýar. Oba adamlary guýudan çykan eşege gaty geň galýarlar.

~ Durmuşam käwagt bize agyr düşýär we üstümiz tozan bilen örtülen ýaly bolýar. Bulary çözmegiň ýeke-täk usuly gan aglap, nalamak däl-de, silkinmek we ondan dynmak, ýagtylyga ädim ätmekdir. Kör guýyda bolsak-da
9 лайков 147 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
12 авг 2022, 20:28
?❤❤❤
Shohrat
13 авг 2022, 13:45
Daş
Gaty peýdaly maslahat