Eşege ot beriň
Garrapdyr, arkasy ýagyr bolupdyr,
Mejaly ýok ýaly aňyrrmaga-da.
Janaweriň taby agyr bolupdyr,
Gidip bilenok ol aňyrraga-da.
Dogry, eşek at däl, owadan kişňäp,
Jylawyny çeýnäp, toprak peşemez.
Emma, göz öňümde, kiçiräjikkäk,
Gaty kän ot ýüklärdik biz eşege.
Indi birje gysym ot beriň oňa,
Garny dagy meňzäp barýar hepbige.
Peýdasy ýok diýip, harlamaň ony,
Başdan sowmaň, bolar-bolmaz gep bile.
Utanman diýýäňiz «Bizä-hä şonuň,
Asyl ugruna-da garamzok» diýip.
Eşegem Allanyň ýaradan zady,
Mojuk gep tapýaňyz haram zat diýip.
Atlaryň et üçin soýulýan döwri,
Bu eşegi «çüw» diýip, kän çapdyg-a.
Gysganmaň ahyry bir gysym oty
Janaweriň garny meňzeş gapjyga.
✏ Çary Ýegenmyradow
Mejaly ýok ýaly aňyrrmaga-da.
Janaweriň taby agyr bolupdyr,
Gidip bilenok ol aňyrraga-da.
Dogry, eşek at däl, owadan kişňäp,
Jylawyny çeýnäp, toprak peşemez.
Emma, göz öňümde, kiçiräjikkäk,
Gaty kän ot ýüklärdik biz eşege.
Indi birje gysym ot beriň oňa,
Garny dagy meňzäp barýar hepbige.
Peýdasy ýok diýip, harlamaň ony,
Başdan sowmaň, bolar-bolmaz gep bile.
Utanman diýýäňiz «Bizä-hä şonuň,
Asyl ugruna-da garamzok» diýip.
Eşegem Allanyň ýaradan zady,
Mojuk gep tapýaňyz haram zat diýip.
Atlaryň et üçin soýulýan döwri,
Bu eşegi «çüw» diýip, kän çapdyg-a.
Gysganmaň ahyry bir gysym oty
Janaweriň garny meňzeş gapjyga.
✏ Çary Ýegenmyradow
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.