Tymsal
Zenan hilesi
Bir kişi ençe ýol ýöräp, bir guýa gabat geldi. Guýynyň ýanynda bir aýal hem gowany guýa sallap durdy. Hälki kişi ol zenanyň ýanyna baryp: «Gorkma! Men ençeme wagtdan bäri zenan hilesiniň neneňsi zatdygyny bilmek isleýärin. Soramadyk adamym galan däldir. Sendenem şol närsäni soramakçy. Belki, munuň jogaby sendedir?!» diýdi.
Aýal biraz oýlandy-da, soňra ulili bilen gygyryp, aglap başlady. Onuň sesi golaýdaky obanyň ýaşaýjylaryna-da ýetdi. Ýaňky adam munuň sebäbini sorady. Aýal: «Sesimi oba adamlary eşitdiler. Olar, hä diýmän, bu ýere gelerler we maňa azar berendir öýdüp, seni näletlärler» diýdi. Ol kişi: «Men saňa ezýet bermek üçin gelmedim. Seniň akyl-paýhas dänelerinden doklugyňy aňyp, zenan hilesi hakynda soradym. Ine, bar bolany» diýdi.
Aýal ýerinden turdy-da, çelekdäki suwy öz üstünden eňterdi. Erkek kişi onuň bu hereketine aňk bolup, munuň sebäbini sorady. Jogabyny almanka-da, oba adamlary ylgaşyp geldiler. «Häzir bu adamlar meni suwa salma ýençseler gerek?!» diýip, hälki kişi içinden pikir öwürdi.
Üst-başy öl-myžžyk bolan aýal kişi üýşmeleňe garap: «Bu adam meni halas edip, guýudan çykardy» diýdi. Adamlar o kişä minnetdarlyk bildirip, il içinde şeýle päk ýürekli ynsanlaryň köp bolmagyny dileg etdiler. Märeke dagandan soň, ol kişi bu wakanyň hikmetini sorady. Aýal bolsa: «Ine, zenanlar şeýle bolýar. Eger oňa azar berseň, ýamanlykdan gözüň açylmaz. Eger ol senden göwnühoş bolsa, seni bir ömür bagtly eder» diýip, jogap berdi.
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.