SÖÝGÜLIMI MENDEN ALAN GOŇŞYM(BOLAN WAKA-ÖZ DILINDEN ÝAZYLAN)

2-nji bölüm
Ilki almady. Soň özi jaň etdi. Maňa Sonýa diýýädi. Gromkasyny açyp Ogulbibi ol oglan üçümiz Her zatdan prikol tutup gülüşip gürleşdik. Ady Kerwen eken. Gündiz bazarda eşik satýa gijede toýlarda kamera alýan eken. Menden beter degişgen eken. Biziň öwrenişmämiz uzaga çekmedi. Goňşym hem joram Uzuguň dogany durmuşa çykandada Kerwen kameraçy bolup geldi. Men gürleşip çagyryp berdim. Uzugam şonda tanady meň joramdygyny. Uzugam Kerwen bilen aramyň badygyny bilýädi. Ondada Kerweni halapdyr. Biz Kerwen bilen dost hökmünde gezdik. Ähli jigileri bilen tanyşdyrdy. 4 oglan dogandylar. Iň ulylary Kerwendi. Gaty şadyýandyk. Bir biregi söýýänimizi aýtýadyk. Ýöne söýgi bolsa uruş köpeler şoň üçinem dost ýaly bolaly diýişipdik. Her gezek bazara baramda her hiljek sowgat bererdi. Kafelere gidip oturardyk. Onda diňe süýji söýgi sözleri bady. Asla göwnüme degenokdy. Ýa bir zat haýyş etsem göwnümi ýykman bitirerdi. Meň hakyky adym bilsede Sonýa diýerdi. Bir bireksiz günümiz geçenokdy. Men gripläp balnisada ýatmaly bolupdym. Olam sowuk suw içip bokurdagyny agyrdyp meň ýanyma balnisa girdi. Oň ýekeje özi bir palatadady. Men uzakly gün onuň bilen wagt geçirerdim. Käwagt kino görüp onuň ýanynda ýatyp galardym. Kerwen bolsa tuzurmana dözmän ýere zat ýazyp ýerde ýatardy. 10 günümiz gaty basym geçdi. Bile iýip içerdik. Dostlary ony soramana gelsede uzak durmazdy derrew meň ýanyma gelerdi. Biz ondada söýgümizi boýun almazdyk söwüşeris diýip. Biz juda bagtlydyk. Toýumyz hakynda gürleşerdik. Tans öwreneris. Wals öwreneris diýip gaty kän zady arzuw ederdik. Hemme zadyň wagty badyr intäk toý etmäli azajygam bolsa gezeli diýerdik. Toýa howlugamzokdyk. Soň MTS de BEZ LIMITNIÝ diýip bir taryf çykdy. Kerwenem özünde şol taryfy açyndy. Oňada günne belli bir mukdarda pul salsaň uzak gün gürleşmäň mugtdy. Ogulbibem Uzugam şol taryfy ulanmak maksady bilen Kerewene pul salyp kime jaň etjek bolsalar Kerwene jaň edip çatdyrýadylar. Kerwenem eklenjini tapypdy. Puly artyk bolsa meňkä geçirerdi. Men kän bir çatdyrmazdym. Indi Kerwen bilen öňkiler ýaly gürleşibem bilemokdum. Sebäbi mydama telefony eýeli. Gürleşýän köpdi. Söýgiňem möwç alan wagtydyrda. Men Kerwene düşünýädim. Hiç zat diýemokdum. Ýöne oň bilen gürleşmesem gysyp gowurlup ölüp barýadym. Köplenç jaň edemde başga kişileň linýasyna giribem gep diňleýädik. Soňky wagtlarda Uzuk oňa köp jaň etýän eken. Kerwen ony maňa aýtýady goňşyňam ýürege düşýä diýip wn menem puluny berýädämi çatybersene diýýädim. Asyl onýaly däl eken. Bahana bilen Kerwene ýalňyş ýok nomerler aýdyp çatdyrýan eken. Öçük berýäni üçinem gep açyp Kerwen bilen gürleşýän eken. Uzuk näçe gezek Kerweniň işleýän bazarynada barypdyr. Her baranda iň soňkydan bezenip barýan eken. Kerwenem goňşyňam geldi bazara gördüm diýýädi......
dowamy bar....

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.