Soñlanmadyk sözler (2)
Sen ýaşadyñ,
Sen ilde ýaşadyñ
Il sende ýaşady
Il seni ýaşatdy,
Sen ili ýaşatdyñ
Goşgy ýazdyñ
Duýgy düzdüñ
Soñlanmadyk goşgular…
Duýulmadyk duýgular
Asman ýaly giñ
We, Türkmensährañ ýaly gözel,
Her söz, emma
Her bir türkmen söz,
Dünýä inen bir gara göz,
Türkmeniñ bir garagöz balasydyr.
Soñlamadyk,
We, soñlamajak sözler, garagözler…
Il seni ýaşatdy
Sen ili ýaşatdyñ
Sende ýaşady:
Orazmuhammed Tekeler, Gazak Pañlar
Hojalar, Nazarlalar…
Galkanlar, Şaeriler, Annagurbanlar…
We, sende ýaşady:
Sähramyñ gyzyl läleleri,
Ilimiñ gerçek balalary, arka dagy
Şehitler…
Sende ýaşady,
Bu mukaddes kerwen…
We bu gün!
Seniñ bilen uzady
Bu kerwen,
We uzar…
Ilden ile gezer
We seniñ sözleriñde ýüzer,
Bu mukaddes kerwen.
Sen,
Bu mukaddes kerweni,
Ŷaşadañsoñ ýaşadyñ!
We biz,
Seni, we
Bu mukaddes kerweni,
Ŷaşatdykça ýaşarys!
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.