Soñlanmadyk sözler (1)

Inim jan Gurbangeldi
Ajy habaryñ eşdip,
Ajy-ajy agladym,
we,
Ajydan ajy güldüm!

Öñ-de bir şahyryñ aýdyşy ýaly:
Insan ogly güler eken haçan-da,
Derdi agydan agsa!

Eý beýik tañrym!
Saña ýalbarýan!
Şeýle ajy gülkini özgelere dözmäwer!

Şeýle elhenç ölümü,
Il özüne gelsin dip,
Dözensiñ belki!
Indi bir, görkezmäwer!

Işi gaýdan ulusyñ,
Işi gaýdan balasy!
Iñ soñy bogdy ony,
Ömür boyy çekdigi
Ahmyry, ahy, nalasy.

Işi gaýdan ulusyñ,
Işi gaýdan çagasy,
Arkasynda bolmady
Arka berip söýenjegi,
Gaýa başly, galkan döşli inisi

Goltugynda bolmady
Ruhuna daýag boljak,
Ak sakally, agyr başly agasy.

Şeýle gözgyn, şeýle ýalñyz,
Şeýle sowuk, şeýle gorkunç,
We,
Seýle ajy gülkünç,
Ölüp biljek eken!
Işi gaýdan ulusyñ,
Işi gaýdan balasy!

Ahyry bogdy ony,
Ömür boýy çekdigi,
Diñe,
Ili-güni üçin,
Ahmyry, ahy, nalasy …
13 лайков 102 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.