Janhor ýa-da adam iýýän wagşy zat hakynda
Öňler, ir wagtlar tokaýlykda şeýle bir gorkunç janhor ýaşaýardy. Ol hakda adamlar az eşidýär eken. Muny maňa kakam, kakama bolsa onuň enesi gürrüň beripdir.
Bu nägehan haýwanlary çyglygyna iýip ýok edýär eken. Ýyrtyjy bolsun, eldeki bolsun tapawudy ýokmyş oňa. Çolarak ýerlerde adama gabat gelse adamam iýiberer eken bu elhenç hem gorkunç adampisint zatmyş. Onuň nireden nädip gelendigini dag etegindäki adamlaryň hiçisi bilmeýärdi. Aýdyşlaryna görä ol Eýran taraplaryndan geçip gelenmiş. Janly-jemende görse diriligine iýäýýär eken. Ony daşdan gören käbir adamlar oňa gar adamsy diýse, käbirleri adamhor hem diýäýýärdi. Emma ol janly-jemendäni, adamy-haýwany diriligine iýýändigi üçin janhor diýip atlandyrmagy laýyk gördüm ...
Şol janhor haýwan uruglaryny tükedip, soňabaka adamlaryň bir çetinden girip başlapdyr. Myrat aganyň aýdyp bermegine görä şol janhor oňa daglyk ýerde görnüpdir. Aralyklary 1000 metr dagy bar eken. Bir dagyň belentliginde duran ýerinde Myrat aga beýleki dagyň belentliginde onuň eýmenç keşbini görüp haýran galypdyr. Soňra bu janhor oňa tarap dagyň belentliginden aşak ylgap gaýdan-da Myrat aga duran ýerinden dagyň belentliginden yzyna öwrülip aşaklygyna eňipdir. Myrat aga dagyň baýyrlygyna düşüp yzyna seretse ol eýýäm Myrat aganyň ylgap gaýdan dagyň eňňidine çykyp seredip duran eken. Ol şol ýerde durup elini döşüne urup aýylganç gygyrýarmyş. Göýä ol ''Daglar meniňki, bu ýerler meniň mesgenim'' diýýän ýaly-dy. Emma orslar ony bir gün atyp öldüripdirler. Şonda oňa atylan oklaryň sany ýedi okmuş. Orslar şol ýerlere patrul soldat çykaryp başlapdyrlar. Soldatlarynyň biri şol ýerlere patrul çykanynda ony hem ýaňky janhor kowalapdyr. Ýaňky ors yza çekilmezden özüne tarap towsup, ylgap gelýän janhory atyp başlapdyr. Göwresine atylan oklar oňa täsirem edenok eken. Soň bolsa onuň ýazzy maňlaýyndan bir oky goýberende ol badyny saklamazdan togalanyp serilip gaýdypdyr. Şondan soň adamlar daglara pisse ýygmaga çykyp başlapdyrlar.
Bu zatlary kakamyň enesine kim gürrüň berdi diýip gyzyklanýansyňyz. Elbetde şol Myrat aga gürrüň beripdir...
@Jeksparro

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.