Goraghanalar #7
KÖÝTENDAG Döwlet goraghanasy
1986-njy ýylyň 11-nji iýulynda döredilen Köýtendag goraghanasy äpet Pamir-Alaý dag ulgamynyň Gissar gerşiniň bir şahasy bolan Köýten daglarynyň günbatar eňňidinde ýerleşýär. Goraghananyň tutýan meýdany 27139 ga barabardyr. Goraghananyň döredilmeginiň esasy maksady - Köýtendagyň we oňa golaý ýerleriň täsin tebigatyny goramakdan hem bozulan ekoulgamlaryny dikeltmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmekden ybaratdyr. Şeýle şeýle hem onuň döredilmegi, juda seýrekligi üçin Tebigaty Goramagyň Halkara Birleşiginiň (TGHB) Gyzyl kitabyna girizilen burma şahly dag tekesini goramak zerurlygy bilen baglydyr.
Goraghananyň we onuň töwereginiň klimaty hem edil tutuş tebigy keşbi ýaly diýseň özboluşlydyr. Ygallaryň ortaça bir ýyldaky mukdary 402 mm bolup, onuň möçberi dag eteklerinde azalyp, beýiklikde bolsa 700-800 mm ýetýär. Bahar aýlary çagbaly ýagyş ýaganda, derelerde sil akymlary döreýär.
Köýtendagyň ady onuň relýefiniň mahsus aýratynlygyny örän jaýdar häsiýetlendirýär. Ol “kuhi” diýen pars we “teň” diýen türk sözlerinden gelip çykyp, “geçmesi kyn dag” diýen manyny aňladýar. Hakykatdan hem bu daglyk ýerler köp sanly jülgedir dereler bilen dilkawlanandyr. Olaryň iň uzyny Hojailgazbaba (28 km). Has owadany çuňlugy 600 m çemesindäki Daraýyderedir. Onda grek hozundan, üzümden, kawkaz dagdanyndan, injirden, sütükli kerkawdan, zerawşan arçasyndan ybarat tokaýlyk ýerleşýär. Gün şöhlesi düşmeýän agaçlaryň aşagynda ýylyň bütin dowamynda sowuk dury suwly çeşme akyp ýatyr. Belentligi 27 m bolan täsin şaglawuk ýerleşýän, eňňitleri kert darajyk Umbardepe jülgesi görenleri aňk edýär.
Köýtendagyň ösümlik örtügi dag eteklerinde otjumak ösümlikler toplumynyň, ýokarda bolsa güýçli bozulan agaç we gyrymsy agaçlaryň zerawşan arçasynyň agdyklyk edýän guşaklygy ýerleşendir. Dagyň üstki böleginde ýassyk şekilli tikenli ýarymgyrymsy ösümlikler mesgen tutýarlar.
Goraghananyň florasynda pamir-alaý görnüşleri agdyklyk edýärler, beýleki görnüşleri hem hasaba alanyňda, bu ýerde 872 görnüşiň ösýändigi anyklanyp, şolaryň 10% -i diňe şu ýerlerde ösýän (endemik) görnüşlerdir (beýik çigildem, çomuç, çyryş we beýlekiler). Halk hem ylmy medisinada ulanylýan derman ösümlikleriniň hem 130-dan gowrak görnüşi duş gelýär. Gymmatly ösümliklerden Gordýaginiň kleomesi, Nikitiniň esparesti, beýik çigildem, Wiktoryň gaýrajy ýaly ösümlikler Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň ikinji neşirine girizildi.
Endemiklerden bellemelisi Merkezi Aziýanyň başga hiç ýerinde tapylmadyk Popowyň Kugitangiýasynyň urugy diňe şu ýerde duşýar. Öňler Köýtendagda zerawşan arçasynyň arçalyklarynyň giň meýdanlary bardy, häzirki wagtda bolsa arçalyklar çapylyp we ýangynyň esasynda örän azaldy. Goraghanada olar bölekleýin görnüşde abat galdylar. Daglardaky toprak örtügini ýel tozatmagyndan we suwuň zaýalamagyndan goramakda ösümlik örtüginiň esasan hem tomusky örtüginiň ähmiýeti örän uly.
Köýtendagyň haýwanat dünýäsi hem baý we dürli-dürlidir. Bu ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 2 (ýaşyl gurlawuk, köl gurbagasy), guşlaryň 100 (sakgally garaguş, gajar, dazzarkel, mazar garaguşy, sähra garaguşy, gyrgy, depe syçançysy we başgalar) we süýdemdirijileriň 40-a golaý görnüşi duşýar. Juda seýrek we gymmatly haýwanlaryň görnüşlerinden gara leglegi, uzynguýruk siňekçini, hindi ütelgisini, goňur aýyny, geçigaplaňy, burma şahly dag tekesini, köýten kör ýalaňaç balygyny we başgalary ýatlamak bolar.
Goraghana umumy meýdany 90 müň ga çemesi bolan üç sany Garlyk, Hojapil, Hojaburjybelent zakaznikleri degişli. Köptaraplaýyn Garlyk zakaznigi (40 müň ga) Köýtendagyň günorta ýapgydyny we Amyderýa çenli daglyk ýerleri öz içine alýar. Ol dünýä meşhur Garlyk karst gowaklar toparyny, melhem suwly Gaýnarbaba çeşmesini köýten kör balygynyň ýaşaýan ýerasty köllerini, Sinjir, Kettekiň, Abdere, Bulakdere ýaly çuň we gözel jülgeleri goraýar.
Hojapil landşaft - paleontologik zakaznigi (31,6 müň ga) Köýtendagyň goraghana girmedik demirgazyk bölegini, Köýten jülgesiniň ýokary guşaklygyny we Gowurdak pes daglygynyň demirgazyk-gündogaryny öz içine alýar. Ol takmyndan 150 mln ýyl mundan öň ölüp giden ajdarhalaryň aýak yzlary saklanyp galan “Dinozawrlar platosyny” gözel dereli “Kyrkgyz” gowagyny, şaglawukly Umbar deräni, Kette, Aýgyr, Horjun ýaly karst kölleri Köýten obasyndaky köp asyr ýaşan çynarly hem arnap tokaýjygyny, Garadepäniň ýanyndaky pisse tokaýlygyny goraýar.
Hojaburjy belent landşaft zakaznigi (17,6 müň ga) Köýten obasynyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşip, Sakyrtma, Hojaburjybelent, Tahtatag gerişlerini öz içine alýar. Bu ýerde meşhur pisse tokaýlygy (1,5 müň ga) we dagyň deňi - taýsyz künjekleri goralýar.
Zakazniklerde ýatlananlaryň köpüsi dünýä, sebit, döwlet we ýerli ähmiýetli tebigy ýadygärliklerdir.
Goraghanada haýwanlaryň sanyny we göçüşini anyklamak, ösümlikler barada maglumat toplamak, karst gowaklaryny we beýleki tebigatyň döreden täsinliklerini öwrenmek, ilatyň arasynda ekologiki bilim hem terbiýe bermek işleri geçirilýär. Toplanan ylmy maglumatlaryň netijeleri, kitaplarda, ýygyndylarda, gazet hem žurnal sahypalarynda çap edilýär.
Şonuň bilen birlikde radiýoda we telewideniýede goraghananyň tebigaty barada gürrüň edilýär. Bu ülkede ilatyň az ýaşaýanlygy we onuň adamyň täsirine az sezewar bolýandygy üçin, bu goraghana diňe bir syýahatçylar däl-de mekdep okuwçylary üçin hem täsin ýerdir.
Bulardan başga-da bu ýeri dag jynslarynyň ýalaňaç gatlagyna has hem gumdaşlarynyň gyzylreňdäki gatlaklaryna baýdyr we belli botanik M.G. Popow “Tutuş landşaft ajaýyp gyrmyzy gyzyl reňkde, ýalpyldap duran gök asman bolsa, bu künjegi dürli reňklerden dolduryp gözellik berýär” diýip belläp geçýär. bu ýerde dürli reňkli dag gözellikleriniň birnäçesi ýagny owadan hedizarum, ýalpyldawuk çigildem, çyryşlaryň birnäçe görnüşi we başga uly bezeg ösümlikleri ösýär. Ýokarda aýdylanlaryň hemmesi bu ýeri Türkmenistanda ilkinji “Köýtendag” milli tebigy seýilgähini döretmäge mynasyp ýeriň biri diýip belläp görkezýär.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.