Goraghanalar #4
SÜNT-HASARDAG
Döwlet goraghanasy
Günbatar Köpetdagyň tebigaty üýtgeşik bolup, bu ýerde Türkmenistanyň iň köp dürli ösülmlik, haýwanat dünýäsiniň bolmagy we Merkezi Aziýanyň başga ýerlerinde duşmaýan seýrek görnüşleriň gabat gelmegidir.
Günbatar Köpetdagyň tebigatynyň özboluşludygyny we östümlik dünýäsiniň baýdygyny XIX asyryň ahyrynda XX asyryň başynda bu sebiti gelip barlan barlagçylar giňden belläpdirler.
30-njy ýyllarda belli alym seleksioner, akademik N.I.Wawilow ýerli ösümlikler bilen tanşyp, gurak subtropiklerde ösýän gymmatly miweli agaçlary ýetişdirmek üçin bu ýĺrin dünya boýunça belli bir künjekleriň biridigini belleýär. Şol döwürde ol Türkmenistanyň hökümetine yüz tutup, Sumbar derýasynyň jügesinde yza tesdirmän tebigaty goramagyň we onuň toplumlaryny dikeltmekligiň işine başlamaklygy teklip edýär.
Şondan soňky ýyllarda jemgyýetçilik edaralar, has-da 30-njy ýyllarda döredilen Garrygaladaky Bütinsoýuz ösümçilik institutynyň Türkmen tejribe stansiýasynyň işgärleri çagyryşlar bilen çykyş edip, Günorta-Günbatar Köpetdagyň täsin tebigy toplumlaryny, bu ýerde goraghana düzgüni arkaly goramaklygy ündäp geldiler. Köp ýylyň dowamyndaky tagallalaryň netijesinde 1977-nji ýylyň dekabrynda bu sebitde Köpetdag goraghanasynyň filialy döredildi. 1978-nji ýylyň 20-nji dekabrynda bolsa aýratyn Sünt-Hasardag döwlet goraghanasyna öwrüldi. Goraghananyň meýdany üç sany bölekden ybaratdyr: Merkezi, Aýdere, Çendir. Sünt-Hasardag döwlet goraghanasyna degişli bir dag zakaznigi bar. 0l goraghananyň Merkezi böleginiň günortasynda ýerleşýär. Goraghananyň tutýan meýdany 3026 gektar.
Günbatar Köpetdagyň biologik durlüligi geň galdyrýar, bu ýerde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň we haýwanlaryň ýarysyna golaýy duş gelip, olaryň köp bölegi bolsa Sumbar howdanynyda we onuň Çendire guýýan ýerinde duşýarlar.
Günorta-Günbatar Köpetdagyň ösülmlik dünýasiniň juda özboluşlylygy diňe amatly howa şertleri bilen bagly bolman, eýsem sebitde ösümlikleriň emele gelmeginiň taryhyn-da Ortaýerdeňíz we Eýran östümlik dünýasiniň wekilleriniň aralaşandygyna hem baglydyr.
Häzire çenli goraghananyň territoriýasynda ýokary derejeli ösümlikleriň 1322 görnüşi anyklanan, olardan 150 görnüşi endemiklerdir. Goraghananyň territoriýasynda ösümlikleriň 800 görnüşi duşýar we olardan 32 görnüşi türkmen selmelegi, grek rýabinasy, türkmen armydy, Siwersiň almasy we başgalar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna, şeýle-de 3 görnüşli Raddeniň elwany, Guguň çigildemi, çylşyrymly sogan Tebigaty goramagyň halkara soýuzynyň (TGHS) Gyzyl kitabyna girizildi. Sumbar we Çendír derýalarynyň jülgelerinde badamlaryň, hozlaryň, narlaryň, injirleriň, üzümleriň görnüşleriniň hem köp dürlüsi jemlenendir. Bu ýerde gymmatly, dünýa möçberinde gabat gelýan, iň ýokary sortlardan tapawutlandyryp bolmaýan ösümlikleriň bolmagy, bu derýalaryň julgelerini miweli agaçlaryň tebigy pitomnigi hökmünde tanatdyrdy. Subtropik we beýleki miweli ösümliklerden başga-da bu ýerde goraga mätäç däneli we mal iýmiti üçin ulanylýan ösümliklerem ösýär, olara bogunlyçaýyr, ýabany süle, arpa, çowdary, bir ýyllyk we köp ýyllyk ýorunjalar we başgalar degişlidir.
Dünýäde diňe şu goraghanada ösýän, 1938-nji ýylda Türkmen tejribe stansiýasynyň öňki direktory O.F.Mizgirýowa tarapyndan ylma belli bolan Türkmen selmelegi täsin ösümlikleriň biridir. Türkmen selmelegine ýakyn, şu uruga degişli Ortaýerdeňiz görnüşleri adamlara gadymy döwürlerden bäri belli bolup, ýerli tebipler dürli kesellere garşy ulanyp geçipdirler. Ol tohumçylyga ornaşdyrylyp, ýetişdirilende täze bir gök ekinleriň biri bolardy we bu täsin ösümlik biologik çalt hem-de dermanlyk maddalaryň hem çeşmesidir. Selmelegiň öwrenilmegi, onuň gadymy döwürlerden bäri bejeriş usullarynyň tapylmagyna getirmegi mümkin. Häzir goraghanada bu gymmatly ösümligiň 400-e golaý duýbi saklanyp galypdyr.
Ýerli floranyň başga-da köp ösümliklerini efir ýagyny, reňkleri , şepbikleri (smola) almak üçin we bezeg ösümlikleri hökmünde hem ulanýarlar.
Günbatar Köpetdagyň haýwanat dünýäsi-de özüniň köp dürliligi we üýtgeşik sypatlary bilen tapawutlanyp, olaryň aňyrsy Ortaýerdeňiz, Merkezi Aziýa görnüşleriniň utgaşmaklygyndan gelip cykandyr.
Goraghananyň ekologik ulgamlarynda duşýan oňurgasyz haýwanlaryň görnüşleriniň sany gös-göni ösümlik dünýäsi we landşaftyň dürlüligi bilen berk baglanyşyklydyr. Oňurgasyz haýwanlaryň faunasy heniz doly öwrenilen däldir, şonuň üçin hem olaryň içinde seýrek we endemik görnüşleriň köp bolmagy mümkin. Mör-möjekleriň 12-görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi.
Bu sebitde ýaşaýan oňurgaly haýwanlaryň faunasy gowy öwrenilendir. Günorta -Günbatar Köpetdagyň çäginde ýerde-suwda ýaşaýanlaryň we süýrenijileriň 38, guşlaryň 250, süýdemdirijileriň 76 görnüşleri duşýarlar. Oňurgaly haýwanlardan Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 7 görnüşi girizildi, olardan 4-si zemzen, göklors, türkmen eublefary, kepjebaş goraghanaň çäginde duşýarlar. Guşlaryň 14 görnüşi duşup, şolaryň 11-si goraghanada duşýarlar, olardan bürgüt, sakally garaguş, ütelgi, ýylançy gyrgy, turaç, sähra göwenegi, gajar we başgalar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Süýdemdirijileriň 20-si duşup, şolaryň 17-si goraghanada gabat gelýär. Olardan kiçi nalburun, üçreňkli gijesi, bars, dag goçy, syrtlan, gunduz, itaýy, oklykirpi we başgalar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi.
XX asyryň dowamynda ýerleriň yzygiderli ulanylmagy, ilatyň sosial ýagdaýynyň çylşyrymlaşmagy tebigy sredanyň ýitmegine, ol bolsa köp görnüşleriň ýitmegine getirdi. Soňky ýüz ýylyň içinde sebitde turan gaplaňynyň, buhara sugunynyň, aýynyň, dag goçunyň ýitmegine, ýok bolmagyna getirdi.
Häzirki döwürde ýitmek howpy abanýan haýwanlara syrtlany, barsy, dag goçuny, gorkezmek bolýar. Dag goçlarynyň we doňuzlaryň sanynyň azalmagy bilen barslar öý haýwanlaryna topulmaga mejbur bolýarlar we dawaly ýagdaýlary döredýär. Goraghananyň golaý ýerlerinde öý haýwanlaryna barslaryň topulmagy bolmaly hadysa. Barslaryň öý mallaryny iýip ýerli ilata berýän zyýanynyň öwezini doldurmak üçin 2000-nji ýylyň güýzünden Ýabany Tebigatyň Bütindünýä Fondynyň maksatnamasy işe başlady. Bu maksatnamany synag edip Sumbar jülgesinde, goraghanaň territoriýasy bilen serhede ýakyn ýaşaýan ilatly ýerde ýerine ýetirýärler. Eger bu geçirilýän synag netijeli bolsa onda Türkmenistanyň başga ýerlerinde hem ýagny bu ajaýyp pişigiň ýaşaýan ýerlerinde şonuň ýaly işler amala aşyrylar. Ýabany toýnaklylaryň baş sanyny goramak we dikeltmek bu Köpetdagyň daglarynyň bezegi bolan barsy saklamagyň girewidir.
Häzir ýitmek howpy abanýan seýrek guşlaryň-da sany kemelýär, ýogsam-da olaryň sany hiç wagtam ýokary bolmandy, olara sakally garaguş, gara leglek, ýylançy gyrgy, turaç we beyleki guşlary görkezmek bolar.
30-njy ýyllarda ýok edilen gulanlary dikeltmek üçin goraghananyň işgärleri çäreler geçirip ugradylar. 1987-88-nji ýyllarda Tersakan diýen ýeriň golaýyndaky pes daglyk ýerlere (Garrygaladan 40 km günbatar tarapda) Bathyzdan 44-sany gulan getirilip goýberildi. Gulanlar bu ýere tiz uýgunlaşyp, geçen 10-12-ýylyň dowamynda baş sanlaryny artdyrdylar. Günbatar Türkmenistanda gulanlary dikeltmeklik işleri häzir hem dowam etdirilýär.
Goraghananyň ylmy bölüminiň işgärleri ýylyň bütin dowamynda goraghanada we onuň töweregindäki ýerlerde tebigatyň hadysalaryna gözegçilik geçirýärler. Goraghananyň döredilmeginiň 20 -ýylynyň içinde uly ylmy gözleg işlerini alyp bardylar, her ýyl “ Tebigatyň ýyl ýazgysy” çykarylýar. Dürli ylmy neşirlerde goraghananyň ylmy işgärleriniň onlarça makalalary çykdy, olarda goýulýan meseleler, Günbatar Köpetdagyň tebigaty, onuň meseleleri we goragy gowulandyrmak barada bolup geldi.
Goraghanada 1500-ä golaý kitap fondy we dürli žurnallar saklanýan, ylmy kitaphana bar. 2500-den hem gowrak gerbariler saklanýar. Günbatar Köpetdagyň täsin tebigatynyň gözelligi barada goraghanada muzeý döretmekligiň işleri-de ýaýbaňlanyp ugrady.
Goraghana döredilen gününden başlap, onda zoopitomnik döredildi we käbir haýwanlaryň biologiýasyny çuňňur öwrenmeklik ýola goýuldy. Şu wagta çenli zoopitomnikde gulanlar, jerenler we guşlaryň dürli görnüşleri saklandy. Häzirki döwürde zoopitomnikde pars sülgüni, turaç saklanyp, olaryň kapasada saklanşyna gözegçilik ýola goýuldy. Ol guşlary köpeldip, ätiyaçlyk baş sanyny döredip, geljekde tebigata goýbermeklik maksat edilýär. Zoopitomnik goraghananyn merkezi mülkinde Parhaýda ýerleşýär, gelen myhmanlar bu ajaýyp guşlary öz gözleri bilen görüp bilerler we başgada biziň ýurdumyzyň özboluşly sebiti bolan Günbatar Köpetdagyň tebigy toplumlaryny goramak we öwrenmek boýunça goraghananyň işgärleriniň geçirýän işleri bilen tanyşarlar.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.