Aýallarymyzyň näme edýänini bileli

Adamsy agşam işden gelse, öý görer ýaly däldi. Gap-çanaklar ýuwulmandyr, saçak ýygnalmandyr, eşikler tertiplenmändir, düşekler galdyrylmandyr, bar ýer buyr-bulaşyk eken. Üstesine agşam nahary hem taýýarlanmandyr. Bu ýagdaýy gören adamsy, gahar-gazaba atlanyp, öýüň içinde sermenip başlapdyr. Görse aýaly diwanda kitap okap otyr eken.
Adamsy:
- Bu gün saňa ne döw çaldy, beýle?- diýip sorapdyr.
Aýaly bolsa äwmezlige salyp, oňa şeýle jogap beripdir:
- Hiç, ýöne. Her agşam maňa “Uzynly gün öýde oturyp, edýän zadyňam-a ýok” diýýärdiň. Meniň uzynly gün öýde näme edýändigimi bileriň ýaly, men bu gün hiç zat etmedim- diýip jogap beripdir.
4 лайков 116 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.