ÖÝÜŇ ÝAGDAÝY

Öýüň erkegi agşam işden gaýdyp gelende öýüň içi çalam-çaşdy. Saçak ýygnalmandyr, gap-gaçlar duran-duran ýerinde, halynyň üstündäki hapa aýak yzlar henizem syrylman eken, ýorgan-düşek galdyrylman dur, gijelikler, joraplar o taýda-bu taýda dagaşyp ýatyr. Üstesine agşam naharam taýyn däldi.

Gany depesine uran adam öýüň içinde ters öwrülip aýalyny gözledi. Aýaly bolsa, balkonda bir oturgyja jaýlaşykly ornaşypdyr-da, kitap okap otyran eken. Ýarym gaharly, ýarym aladaly äheňde ondan:

– Bu gün saňa ne döw çaldy? – diýip sorady.

Aýaly perwaýyna-da däl ýaly, oňa tarap çala gözüni aýlap:

– Hiç, jan ýoldaşym! – diýdi, “Her gün agşam gelip: “Uzakly gün öýde näme edýän zadyň bar?!” diýip, soraýardyň-a. Ine, bu günem şonuň üçin hiç zat etmedim. Öýde nämeler edýändigimi göreriň ýaly”.

(Ýazyjy näbelli)
7 лайков 134 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
24 июл 2022, 19:39
Öý hojalykçy bolsaňam kyn
Margarita
25 июл 2022, 11:41
Banka ýapdyrmaly bulara ?