“AL MUNY PAÝLAŞ”

Üç ýaşlyja gyzym bilen ondan iki ýaş uly oglumy alyp, uzak diýarlara syýahata çykypdyk. Ýolda barýarkak çagalara miwe, şokolad ýaly zatlar almak üçin zol-zol durýardyk, her gezeginde-de alan zatlarymyzy yza, çagalara tarap oklap:

– Al muny, doganyň bilen paýlaş – diýýärdik.

Uly ýoly sypdyrman barşymyza, onuň ikä aýrylýan nokadyna baryp ýetdik. Gelnim sag tarapdan gitmelidigimizi aýtdy. Men bolsa, çepki ýoldan gitmelidigimizi aý gören dek anyk bilýändigimi aýtdym. Şeýdip, ol sag diýdi, men çep diýdim, mahlasy, aramyzda biraz sene-mene bolup geçdi.

Ruluň başynda oturan özüm bolamsoň, gaza basdym-da, özümçe dogry hasaplan ýolumdan ýöräberdim. Gelnimiň muňa örän gahary geldi, şondan soň meniň bilen ýeke agyz hem gürleşmedi.

Esli ýere çenli ikimizden hem ses çykmady. Biziň aramyzdaky ümsümlik çagalara-da ýokuşypdy. Olaram gepleşmän barýardylar. Ýöne biziň bu bolşumyz kiçijik gyzymyň juda içini gysdyran bolmaly, ol öňdäki oturgyja tarap egildi-de ejesiniň ýaňagyndan şapladyp ogşap goýberdi, yzyndan bolsa:

– Al muny, kakam bilen paýlaş – diýdi.

Maşynyň içindäki “sowuk howa” zym-zyýat boldy. Ýene öňküsi ýaly, gülşüp-degşip ýolumyzy dowam etdik. Ýüz kilometr töweregi ýöränimizden soň, gelnimiň aýdanynyň dogry, meniň aýdanymyň bolsa ýalňyş bolup çykmagy, şeýlelikde, meniň kesirligim sebäpli ýalňyş ýoldan ýörändigimizi bilmegimiz hem biziň keýpimize sogan dograp bilmedi. Çünki bolan zatlaryň hemmesi kiçijik gyzymyzyň bize beren sapagynyň ýanynda agzanyňa degmejek bir zatdy.

(Kermit K. Karpenter)
4 лайков 118 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mümkin
24 июл 2022, 12:58
Ýylgyryp gitdim.
Aýnur
24 июл 2022, 13:45
Ýylgyrtdy :)
Öwreniji
24 июл 2022, 14:42
Özümde bolýan käbir zatlar ýadyma düşdi
ajy
24 июл 2022, 15:02
şulàrýaly akylly gyzyñ bolaýsa :))