“Häzir öz hoşuma ýaşasym gelýär...”

Döwük-döwük bu göwnümiň derdi kän,
Gursagymda çogup duran gussa bar.
Häzir öz hoşuma ýaşasym gelýär,
Bagtam bolsa, wagtyndan öň gyssamaň!

Gyssamaň, duýaýyn ynjysyn köňlüň,
Çekişeýin günleň agyr keşigin.
Bolmanda, ejaza berenok hergiz
Egnimdäki “Ynsan” diýen eşigim.

Ýazjak bolýan käte başardygymdan,
Ýazmak, belki, ömre berlen “gönükmäm”.
Belki, ýöne ýerden däldir
Gijeler
ýatan pilläm birden-birden demikmäm.

Onsoň ýene hasrat bilen oýanyp,
Sähere ýaýradyp çap-çal tüssäni,
Ýazjak bolýan ýene başardygymdan
Ak kagyza gara reňkli gussamy.

Şeýde-şeýde bildim: göwündeş gerek
Göwnüň döwük böleklerin sepläre
Hemem ýazmak gerek ýürekdäkini
Ölemden soň maňa derek gepläre.


Sapa HOMMADOW
8 лайков 335 просмотров
25комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Scorpion
13 май 2022, 22:35
"hoşuma gelmek", hoşum" sözüniň manysyny bilýäňmi? Haýsy ýurduň sözüdigini bilýäňmi?
Öňünden aýdaýyn türkmençe düşünip bolsada türkmen sözi däl.
Scorpion
13 май 2022, 22:36
“Häzir öz hoşuma ýaşasym gelýär...”
Muny nähili manyda düşünmeli? Sinonimleşdir ?
Pegas
Автор 13 май 2022, 22:39
Scorpion, çyndanam düşünmän soraýaňmy? Şeýle bolsa, sinonimi: "öz keýpime görä ýaşasym gelýär", "öz maýyma görä ýaşasym gelýär"...
Resul
13 май 2022, 22:42
Scorpion,
Kop yerde bar hoshum sozi. Men gabat gelipdim kabir kitaplardada
Maksat
13 май 2022, 23:00
Okan bolup otyrdym welin girmeli boldy, "hoşum" sözü türkmen sözü bolmasa niräň sözükaScorpion,
Öz ene diliňizi iliň dili ýaly görkezmäň. Hoş gal mekdep, hoş geldiňiz, hoşal boldum, sözleri türkmen söz @Skorpion edil şoň ýaly hoşum sözü şahsyýetiň keýpiniň çaglygyny aňladýa.
Maksat
13 май 2022, 23:00
Berekella şahyr aga.
Bir bar bir ýok
13 май 2022, 23:02
Sapa Hommadowyň şygyrlarynda ulanýan sözlerine şübhe bilen garamak nädereje dogruka? Gaty geň... Sapa Hommadowyň şygyrlarynyň oýnawaç goşguçylardan ýer bilen gök ýaly tapawudynyň barlygy köre mâlimem welin, ýene - de adamlar adamlar- da, bulara näme aýdyp näme goýjak.
Aýnur
13 май 2022, 23:22
Bir bar bir ýok,
Manysy ýok diýjek bolýaňyzmy?
Aýnur
13 май 2022, 23:22
Meňňem hoşuma ýaşasym gelýär :)
Cicek
13 май 2022, 23:33
Name ucin Adynyzy Sapa diyip Familiyanyzam hemmesini HOMMADOW diyyanizay her gezek sheyle? Anlamiyorum.
Scorpion
14 май 2022, 00:30
Pegas,
Scorpion, çyndanam düşünmän soraýaňmy? Şeýle bolsa, sinonimi: "öz keýpime görä ýaşasym gelýär", "öz maýyma görä ýaşasym gelýär"...

Ýok düşünip soradym. Seniň şeýle manyda ýazanyňy bilip özüňe aýtdyrjak boldum, aýtdyňam. Ýöne "hoşuma", hoşuma gelmek" bu azerbaýjan diline degişli. "Hoşuma gelmek (geldi) - halamak manyda. Edil "hoş" sözi bizde ulanylýar ýöne "hoşuma" welin azerbaýjan doganlarymyzyňky.
Scorpion
14 май 2022, 00:34
Bayker,
Okan bolup otyrdym welin girmeli boldy, "hoşum" sözü türkmen sözü bolmasa niräň sözükaScorpion,
Öz ene diliňizi iliň dili ýaly görkezmäň. Hoş gal mekdep, hoş geldiňiz, hoşal boldum, sözleri türkmen söz @Skorpion edil şoň ýaly hoşum sözü şahsyýetiň keýpiniň çaglygyny aňladýa.

"Hoşum" sözi azerbaýjan diline degişli. Seniň aýtýan "hoş" sözüň "hoşum" bilen tapawutly we "hoş" sözi seň aýdyşyň ýaly "hoş gal" (sagbollaşmak), "hoş geldiňiz" (ruslaryň dobro pozhalowat) manysynda ulanylýar. Diýjek bolýanym "hoş" bilen "hoşum" tapawutly.
Scorpion
14 май 2022, 00:35
Bir bar bir ýok,
Sapa Hommadowyň şygyrlarynda ulanýan sözlerine şübhe bilen garamak nädereje dogruka? Gaty geň... Sapa Hommadowyň şygyrlarynyň oýnawaç goşguçylardan ýer bilen gök ýaly tapawudynyň barlygy köre mâlimem welin, ýene - de adamlar adamlar- da, bulara näme aýdyp näme goýjak
.
Seňkem aňsat däl eken :))
Scorpion
14 май 2022, 00:39
Pegas,
Sen @Mümkin agzaň "hoşuma geldi" diýenini görüp owadan söz hasaplap ulandyňyz. Bu ýerde ol agza şol sözi ulanan ýerine serediň "halamak" manyny berýär. Azerbaýjan dilinde şeýle, eger gyzyklansaň azerbaýjan telekanallaryny ýa internetden azerbaýjan dilini görüň ýada google translatede barlaň.
Umuman bu türki dillerde ulanylýar emma hersinde aýratyn (hoş, hşum) görnüşde we aýratyn many berýär :)
OrazMuhammet Aşyrow
14 май 2022, 00:39
Öz şahsy pikrine eýe adamlary hormat edýän emma köpläp adamlar şahsy pikriň ýerine onuň-munyň pikrini ulanýar. Häzir şu goşga öz şahsy pikriňizi ýazyň diýseň köp adam başarmajagyny bilýän. Wah siz adamjyklar diýsänim. Bir zatlara diýjek bolýaňyz welin heniz bärräkden gaýdýaňyz. Sapa Hommadyň özini känbir tanmasamda goşgularny halaýan asyl men Kerim Hallyň hem goşgularny halaýan. Emmä käbir adamlar şul ikisini bir wagtda halap bilenok. Sebäbini sorasaň hem öz şahsy pikrini dälde kimdir birindeň eşiden pikrini gaýtalaýar...
Pegas
Автор 14 май 2022, 00:42
Scorpion, azeri dili türki dillere degişli. Umumytürki sözler kän. Men azeri dilini bilemok, özem şu söz türkmen dilinde hemişe-de ulanylýan söz. Seň bilmedigiň bu sözüň dilimizde ýokdugyny aňladanok.
Hemem seň @Mümkin agzaňy tanamaýarkam ýazylan goşgy bu. Üstünden pylança ýyl geçdi ýazylanyna.
OrazMuhammet Aşyrow
14 май 2022, 00:43
Scorpion,

Goşgyda hökmän milli sözleri ulanmak hökmanmyka. Meniň üçinä şahyrlar goşgyny islese hytaýça ýazsyn, esasy bizler ynsanlar düşinse bolýar. Näme üçin hemme zady galyba salmakçy bolýaňyz. Näme üçin her bir zat şeýle edilmeli diýlen takyk pikirde ýaşaýarsyňyz...
Scorpion
14 май 2022, 00:45
Pegas,
Türkmen dilinde bardyram welin men bilemokdym. Aý hawala türki diller bary bir many aňlatýaram. Azerler köp ulanýan eken. Halamak manyda ulanýan ekenler.
OrazMuhammet Aşyrow
14 май 2022, 00:45
Bir bar bir ýok,

Gyzyk siz şu wagt Sapa Hommadowy magtadyňyzmy ýa galan şahylary garaladyňyzmy? Şahsy pikriňizi aýdyň näme üçin şu şahyryň goşgularyny halaýarsyňyz? Eger şahsy pikir bar bolsa!
Scorpion
14 май 2022, 00:46
Bir bar bir ýok,
"Oýnawaç goşgyçylar" kimler? :)
Scorpion
14 май 2022, 00:49
mrokas,

Goşgyda hökmän milli sözleri ulanmak hökmanmyka. Meniň üçinä şahyrlar goşgyny islese hytaýça ýazsyn, esasy bizler ynsanlar düşinse bolýar. Näme üçin hemme zady galyba salmakçy bolýaňyz. Näme üçin her bir zat şeýle edilmeli diýlen takyk pikirde ýaşaýarsyňyz...

Nirede diýdim milli sözler ulanmalydygyny?
Türkmen şahyrlaryna başga dilde ýazmaly däldigini aýtdymmy? Başarsalar ýazybersinler :))
Men nämäni galplajak boldum? Ýöne takyklyk gowy zatdyr.
Çala eşidip çatma ýykýanlardan öýtýän senem? :))
Гость
14 май 2022, 01:16
Ine çekeleşik popkorn
Pegas
Автор 14 май 2022, 01:17
Гость
Ine çekeleşik popkorn

Çekeleşik däl bu. @Chelsea agzaň täze nikden gelip rol oýnamasy.
Гость
14 май 2022, 01:20
Pegas,
Ol däldirle, ýazyş stili başga
Pegas
Автор 14 май 2022, 01:21
Гость
Pegas,
Ol däldirle, ýazyş stili başga

Edil özi şonuň. Her hili geýime girýär ol.
Scorpion
14 май 2022, 02:31
Pegas,
Ýalňyşýaň. Üns ber @Chelsea hiç wagt özüni senden gizlemedi. Men şol bolsam @Chelsea nikdenem ýazyp bilernä bulary
Scorpion
14 май 2022, 02:39
Pegas,
Islendik bir nätanyş maňzyňa batmajak janyňa degjek sözler aýtsa birine meňzetmek ýalňyşlykdyr.
Scorpion
14 май 2022, 02:44
Pegas,
Men şol ekenim, onsaň tapawudy näme bu ýerde?
Pegas
Автор 14 май 2022, 06:52
Scorpion, ýeke gezek bir mert bir bolsana! Poçerk üýtgetmek hemme zadyňy gizläp bilenok.
Pegas
Автор 14 май 2022, 06:54
Scorpion
Pegas,
Islendik bir nätanyş maňzyňa batmajak janyňa degjek sözler aýtsa birine meňzetmek ýalňyşlykdyr.

Sen meň janyma degjek sözi nirede diýdiň? Ine, hakyky häsiýetiň şu seň. Biriniň janyna degýändirin öýdüp, özüňçe monça bolma häsiýetiň bar.