“Häzir öz hoşuma ýaşasym gelýär...”

Döwük-döwük bu göwnümiň derdi kän,
Gursagymda çogup duran gussa bar.
Häzir öz hoşuma ýaşasym gelýär,
Bagtam bolsa, wagtyndan öň gyssamaň!

Gyssamaň, duýaýyn ynjysyn köňlüň,
Çekişeýin günleň agyr keşigin.
Bolmanda, ejaza berenok hergiz
Egnimdäki “Ynsan” diýen eşigim.

Ýazjak bolýan käte başardygymdan,
Ýazmak, belki, ömre berlen “gönükmäm”.
Belki, ýöne ýerden däldir
Gijeler
ýatan pilläm birden-birden demikmäm.

Onsoň ýene hasrat bilen oýanyp,
Sähere ýaýradyp çap-çal tüssäni,
Ýazjak bolýan ýene başardygymdan
Ak kagyza gara reňkli gussamy.

Şeýde-şeýde bildim: göwündeş gerek
Göwnüň döwük böleklerin sepläre
Hemem ýazmak gerek ýürekdäkini
Ölemden soň maňa derek gepläre.


Sapa HOMMADOW
8 лайков 335 просмотров
25комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
Автор 14 май 2022, 06:55
Scorpion
Pegas,
Men şol ekenim, onsaň tapawudy näme bu ýerde?

Tapawudyny ýokarda Gost agza aýtdym. Seň üçin tapawudy ýok, bolmanam. Arkaýyn dowam ediber sen roluňy.
Scorpion
14 май 2022, 11:58
Pegas,
Mena seň janyňada degjek bolamok, başgaňam. Pikirimi aýtdym soradym boldy. Borla özüň bilýänsiňle. Onsaňam düşünmedim meselem: biriniň rol oýnap her hili geýime girmesi saňa bildirýän ýeri barmy? Özüňä bir mollum adam diýýäň, edebiýatçy diýýäň şeýle bolsa boluşuň birhili hereketleriň pikirleriň şolara meňzeş dälda. Ýenede ile at dakýaň. Borla näme pikir etseň edersiňda