“DÖWÜK-DÖWÜK BU GÖWNÜMIŇ DERDI KÄN...”

Döwük-döwük bu göwnümiň derdi kän,
Gursagymda çogup duran gussa bar.
Häzir öz hoşuma ýaşasym gelýär,
Bagtam bolsa, wagtyndan öň gyssamaň!

Gyssamaň, duýaýyn ynjysyn köňlüň,
Çekişeýin günleň agyr keşigin.
Bolmanda, ejaza berenok hergiz
Egnimdäki “Ynsan” diýen eşigim.

Ýazjak bolýan käte başardygymdan,
Ýazmak, belki, ömre berlen “gönükmäm”.
Belki, ýöne ýerden däldir
Gijeler
ýatan pilläm birden-birden demikmäm.

Onsoň ýene hasrat bilen oýanyp,
Sähere ýaýradyp çap-çal tüssäni,
Ýazjak bolýan ýene başardygymdan
Ak kagyza gara reňkli gussamy.

Şeýde-şeýde bildim: göwündeş gerek
Göwnüň döwük böleklerin sepläre
Hemem ýazmak gerek ýürekdäkini
Ölemden soň maňa derek gepläre.



Sapa HOMMADOW
14 лайков 240 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Гость
16 мар 2023, 10:01
Häzir öz hoşuma ýaşasym gelýär,
Bagtam bolsa, wagtyndan öň gyssamaň!

- gyssaga düşýän diňe sen däl. Ulylarda, düşünenoklarda )
Ahmet
16 мар 2023, 13:13
Şeýde-şeýde bildim: göwündeş gerek
Göwnüň döwük böleklerin sepläre

Gaty dogry aýtdyň...
Ahmet
16 мар 2023, 13:15
Hemem ýazmak gerek ýürekdäkini
Ölemden soň maňa derek gepläre.

Bu-da gaty dogry...
Poems
26 мар 2023, 22:52
Gaty gowy?✒️?