Çigit satýan gyz
Köpelmese azalmazdy hatarlar,
Gelerdi ýigit-de, gyzdyr gelin-de.
Düýn Gün bolup ýanan günebakarlar
Ömrüni soňlardy onuň elinde.
Baryn tanamazdy gelenleriň ol,
Bu şäherde ony köpler tanardy.
Görmegeýdi, ýöne bezenmezdi ol,
Egninde-de şol bir köýnegi bardy.
Ol azap çekmezdi döküp derini,
Ýöne kyn bolardy ýeke galanda.
Sananda gazanan köpüklerini
Howury kiparlan Teke bazarda.
Arzuwçyl oglanlaň gül sesi nesip
Etmändir, gül göwni galkardy weli.
Bu uly şäherde oňa hiç kesiň
Nebsi agyrmana degenok eli.
Dözerdi aýaza, otyr yssyka,
Dilgirlikden yş ýok onuň sesinde,
Berilmedik gaýtargydyr stakan –
Düýşünde görýäni on ýedisinde.
Ýyllar näme…
onuň çigidin alýan,
Howlugyşyp barýan adamlar ýaly,
Tiz geçdi.
Gyz keşbi, köz yşky ýanman,
Çigit gabyklarnyň astynda galdy.
Gurbandurdy Orazow
Gelerdi ýigit-de, gyzdyr gelin-de.
Düýn Gün bolup ýanan günebakarlar
Ömrüni soňlardy onuň elinde.
Baryn tanamazdy gelenleriň ol,
Bu şäherde ony köpler tanardy.
Görmegeýdi, ýöne bezenmezdi ol,
Egninde-de şol bir köýnegi bardy.
Ol azap çekmezdi döküp derini,
Ýöne kyn bolardy ýeke galanda.
Sananda gazanan köpüklerini
Howury kiparlan Teke bazarda.
Arzuwçyl oglanlaň gül sesi nesip
Etmändir, gül göwni galkardy weli.
Bu uly şäherde oňa hiç kesiň
Nebsi agyrmana degenok eli.
Dözerdi aýaza, otyr yssyka,
Dilgirlikden yş ýok onuň sesinde,
Berilmedik gaýtargydyr stakan –
Düýşünde görýäni on ýedisinde.
Ýyllar näme…
onuň çigidin alýan,
Howlugyşyp barýan adamlar ýaly,
Tiz geçdi.
Gyz keşbi, köz yşky ýanman,
Çigit gabyklarnyň astynda galdy.
Gurbandurdy Orazow
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.