Durmuş gurduk... bar bolany...

Alabahar ýazyň ýagşy...
Ezilipdim menem ýagşy,
Ökünemok, ýöne biraz üşeýärin, galdyraýan.
Belki saňa duşanyma tikenekläp, sandyraýan...
...Toýuň sesi eşdilip dur,
“Näzli ýarym” aýdýar bagşy.
Owarrama,
toý-şagalaň,
sen bar, maňa ullakan bagt.
Öz bolşuma degşip barýan, gülen bolýaň arasynda,
Käte belent sesim bilen
diňe söýgi barasynda
Goşgy aýdýan.
Bar bilýänim “Ýaşlyk dramasy” şo wagt.
Görejiňe gözüm düşdi,
Şonda ýürek ýaralandy.
Owadan söz bilen diýsem:
Lazer ýaly gözleriň-de
Ýüregimi parran deşdi,
Kirpikleriñ çözlenende...
Nesibämiz bir ekeni:
Durmuş gurduk.
...Bar bolany.
4 лайков 100 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gerceknazar
18 мар 2023, 15:27
Bar bolanymy şu :)
Öwreniji
Автор 18 мар 2023, 18:16
Gerceknazar,
? Hawa. Aýrlyşsammykam ýa