Men komplekslerim bilen bagtly.


Dogry, siz meni logikasyz hereket etdirmegiňiz mümkin. Barybir men siz bilen bagtly. Nädeýin, başga ýollar maňa ýat. Bu-da garaňky. Aýagyň çekenok. Ýüregiň çekenok. Galyberse-de, beýniňem çekenok. Tutuş düýrmegiň bilen öz şahsy aňyňa hem bagly bolmadyk bir ýerden ýöreýäň. Muňa Şopengaueriň dilinde nähilidir bir güýç, erk-erada diýsek, Freýdiň dilinde aňastymy(üstimi), bir zat öz-ä, dinde ýazgyt. (Aslynda hemmesem şol bir nahar barada aýdýar, emma atlary üýtgeşik). Aňyň daşyndakylary aňyňa getirmegi başaraýanyňda hem, barybir hälki aňsyzlygyňdaky geçen ýoluňy küýseýäň. Sebäp, o ýol saňa tanyş we bu eýýäm garaňky bolmaýar. Şu ýerde özüni bejerdesi gelmeýän şizofrenlere düşünýän. Hersiniňki tapawutly. Käbiri daşky dünýä ähli erbetlikleri, pislikleri tanaýandygy üçin gaýdyp gelesi gelmez, hyýalynda ýaşasy geler. Käsi hyýalyndaky zatlary tanaýandygy, daşky dünýäni tanamaýandygy üçin gelesi gelmez. Ol özüniň şol keseli bilen bagtly. Bagtly, söýüp-söýlüp, rahat ýaşamak üçin şu keselden başga tutarygy ýok. Komplekslerden saýlansaň has bagtly duýaýjak ýaly özüňi, emma ýok. Belki-de wagtlaýyndyr. Belki-de olarsyz ýaşamaga hem endik etmelidir, o ýaşaýşy hem tanamalydyr. Bu eýýäm öz saýlawyň. Ýöne adaptasiýa o diýen aňsadam däl. Sepgitde, aralykda galmak kyn. Ne yza dolanyp bilýäň, ne-de öňe...
5 лайков 284 просмотров
17комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Waleryanka
16 мар 2023, 05:18
"Shu yerde ozuni bejerdesi gelmeyan shizofrenlere dushunyan...Kabiri dashky dunya ahli erbetlikleri, pislikleri tanayandygy ucin gaydyp gelesi gelmez.Hyyalynda yashasy geler.."

Menin bir tanayan adamym "Shizofreniye-menin gowy goryan keselim" diyipdi.Bir zada gaharlanyp Shonun gownune erbet degipdim.Yuregimde yok sozleri dilime getiripdim.On yagdayyna son sonlar dushundim we ozunden otunc soramak ucin birnace gezek synanyshdym.Yone basharmadym.
Eger shu sayty myhman bolup okayan bolsan sho wagt aydan ahli agyr sozlerim ucin senden ullakan Otunc sorayan!
Waleryanka
16 мар 2023, 05:22
Agzalar, mana "tygshytly gornushden" nadip cykyp bolyanyny owredayin.
Belki
16 мар 2023, 05:53
Waleryanka, paroluñy bilýän bolsañ çykyşa basyp täzeden girmeli.
Waleryanka
16 мар 2023, 06:07
Belki
Waleryanka, paroluñy bilýän bolsañ çykyşa basyp täzeden girmeli.

Sps.Cykysha basamda cykyp bimedim.Son brauzerin keshini arassalap, sayta tazeden girsem duzeldi.
.
16 мар 2023, 07:35
Waleryanka,
Täze görnüş ýazylgyñ üstüne basyp durup adresini kopýalaýañ. Gözleg paneline goýup "islenen.site" yazylgyny "biz.islenen.ru" a öwurip gözletseñ gecýär täze görnüşe.
Harmony
Автор 16 мар 2023, 08:43
Waleryanka,
Schizophrenic way of life.
Dowsypat
16 мар 2023, 17:39
Waleryanka,
Schizophrenic way of life.

Durmuşyñ Shizofreniye yoly.
vefg
17 апр 2023, 22:12
Агызз гел бура...
Harmony
Автор 18 апр 2023, 00:44
vefg,
Şahsyňa ýazdym. Teswirdäki nigimiň üstüne basyp, şahsy hat ýazyp bolýa. Men Arzy däl, puo. Näme gürrüňiň bolsa, şahsyda aýt, agy:zlap durma-da!
vefg
18 апр 2023, 16:57
Язык болмады шахса..мен puo дал лачын
vefg
18 апр 2023, 16:58
Душинемок бу сайта
Harmony
Автор 18 апр 2023, 21:53
vefg,
Şo bolmasaň beýleki mowzukdaky teswire düşünmezdiň, özüňe çekmezdiň.
vefg
18 апр 2023, 22:32
Надип танап билян сен,близ почти 4 йылдыр язышамыззогама
Harmony
Автор 19 апр 2023, 09:08
vefg,
4 ýyl? Menä woşşe ýazyşyp göremok siz bilen))
the_end
19 апр 2023, 23:13
Сенки догры дийайеринда:-) интересний пассажир:-)
Harmony
Автор 21 апр 2023, 19:57
the_end,
Aýdýan-a tormozlugyň galmandyr. :)
Menden tapawutlylykda meň kimdigimi tanamadyň sen))
the_end
21 апр 2023, 20:24
Танатда,суйжедип отырмада озуни