Dört minutjyk hem bolsa okamaga çalyşmak.

“Bir gün öýden howlukmaç çykdym. Ylgap diýen ýaly metro stansiýasyna barýardym. Bir tarapdan, kellämde geçmeli sapagyň planyny düzýärdim, beýleki tarapdan bolsa çisňeýän ýagşa ezilmejek bolup dükanlaryň bassyrmalarynyň aşagyndan gitmäge
çalyşýardym. Ýöreýän merdiwanlardan aşak metro stansiýasyna indim. Stansiýada meniň bilen ýöräp barýan bir adamyň elindäki hasadan çykýan “tark.. tark.. tark...” sesleri
bar başagaýlygymy, kellämdäki pikirleri düw-dagyn etdi. Onuň hem bir ýerlere howlukýandygy görnüp durdy. Ol arkasyndaky uly sumkasy, elindäki hasasy bilen çalt-çalt ädimläp, menden galanokdy. Ony biraz üns berip synlasam, asyl ol gözi görmeýän
aýal maşgala bolsa nätjek?! Öz-özümden: “Ol näme üçin beýle başagaýka?” diýip soradym. Belki, ol bu dünýäni hiç haçan görenem däldir. Bu ýagdaýy bilen onuň ýeke özüniň öňe baka ýöräp barşyny we ýöreýiş terzini görüp, onuň özüne juda göwni ýetýär diýen pikir kelläňe gelýärdi. Howlukmaç işi barmyka diýip oýlanýardym. Bir salym ähli zady unutdym. Onuň elindäki hasasy bilen sagyny soluny barlap, öňünden çykyp biläýjek päsgelçilikleri biljek bolmagy, özüne ýol açmagy, onuň ýaşaýyşa bolan hyjuwyny görkezýärdi.
Men merdiwanlara golaýlanymda: “Oňa merdiwandan düşmäge ýardam etsemmikäm?” diýip oýlanyp durkam,
ol hamana tep-tekiz, hiç hili päsgelçiliksiz ýoldan ýöreýän ýaly, merdiwandan aşak düşmäge başlady. Kelläme: “Hasasynyň ujunda oňa ýol görkezýän bir zat barmyka, ýa-da ol aýal oýun edýärmikä?”
diýen pikir geldi. Pikirlerimi jemlejek bolup, oýlanyp barşyma metronyň duralga gelenini gördüm. Içimdäki bilesigelijilik duýgusy meni ol aýala tarap çekdi. Şeýdip ol aýal bilen bir küpä mündüm. Ol oturmaly ýerine jaýlaşyp oturandan soň hasasyny epleşdirip çaltlyk bilen sumkasynyň öň gözüne saldy. Soňra ol sumkasynyň beýleki gözüni açdy. Ol ýerden kiçijik radio ýa-da iýer-içer ýaly birzatlar
çykarar öýdüp pikir edemde, onuň bu gözgyny
halyna diýseň ýüregim awady. Kim bilýär, dünýäni görmegi, gör, nähili arzuw edýändir: agaçlary, öýleri, ulaglary, ynsanlary we gözleri... Görülmeli zatlar şeýle bir köpdi welin... Şol pursat özümi örän köp artykmaçlyklary bolan bir adam ýaly duýdum. Göz dünýä açylan bir penjiredi, men bolsa onuň känbir gymmatynam bilip
baramokdym. Ol aýalyň galyň bir kitaby sumkasyndançykaryşyna gözüm kaklyşdy-da, içimden: “Gözleri görmeýän halyna kitap okajak bolýar” diýenim şoldy
welin, ol barmaklarynyň uçlary bilen agtaryp-agtaryp, bir ýerde saklandy. Gözleýänini tapan bolsa gerek. Ol derrew sag eliniň süýem barmagy bilen orta we külbike barmaklaryny güberçek ýazgylaryň üstünde gezdirip başlady.
Kitap okaýardy... Ýöne ol görmeýärdi ahyry...
Az salym pikirlenip durdum. Kitap okamak diňe görýänlere mahsus zat dälmidi näme? Indi ol gözleri bilen däl-de, kalby bilen, duýgulary bilen, ruhy bilen okaýardy... Men ony görüp, öz-özümden utandym. Şol wagt näçe aýlap sumkada göterip ýören bäş-alty
sahypadan köp okamadyk kitabym hem-de ýyllarboýy birje kitap-da okamaýanlar ýadyma düşdi. Käşgä, olar hem ynsany oýlanmaga mejbur eden, hatda utandyran şu pursada şaýat bolan bolsadylar?! Dünýäde millionlarça adam bar... A okamak?!.
Näme üçin men? Birden üzlem-saplam pikirlerimden saplandym. Ol aýal bolsa, bir sahypany gutaryp, beýleki sahypa geçipdi. Barmaklaryny ökdelik bilen harplaryň üstünde gezdirişi, onuň bu işe ezberliginden
habar berýärdi. Diýmek ol ökde bir okyjydy. Ýöne näme okap biler öýdýäňiz?! Müňlerçe kitaplaryň, gazet-žurnallaryň gözi şikesliler üçin gündelik, hepdelik taýýarlanmagy mümkin däl ahyry... Radýodaky çagyryşy eşidip, düşmeli duralgama gelenimi bildim. Bary-ýogy dörtje minut geçipdi, şeýle gysgajyk wagtda bolsa-da, kitap okamak örän
zerurdy. Maňa bu sapagy beren, gözleri görmeýän ol aýal kitabyny sumkasyna saldy. Ol duralgada düşmäge taýýarlanýardy. Azrak wagt geçensoň metro durdy. Men öňinçä ony geçirdim boldum. Hasasy bilen “tark...tark...tark...” edip gidip barýardy. Onuň
yzyndan seredip galdym. Hamana, ol hasadan
çykýan “tark...tark...tark...” sesleri maňa “oka...oka öwren diýýärdi...

Yusuf Omeroglu
7 лайков 112 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Biohimik
13 май 2022, 18:55
?????dogry
Cicek
13 май 2022, 23:47
Sagbol,gyzykly. Biz Gozli bolsagam"Gozli kor"diyilyanlerden
Nurmuhammet
Автор 14 май 2022, 00:40
Mahek,
???
Nurmuhammet
Автор 14 май 2022, 00:40
biohimik.,
????
Nurmuhammet
Автор 14 май 2022, 00:41
Mahek,
??
Nurmuhammet
Автор 26 июн 2022, 07:57
sagbol