Dünýä täsinlikleri
Ýer ýüzünde ajaýyp ýerler köp bolup, olary söz bilen suratlandyrmak aňsat däl. Bu täsinlikler wulkan hadysalarynyň ýa-da meteoritiň gaçmagy netijesinde emele gelipdir. Käbiri bolsa millionlarça ýyl dowam eden tebigy eroziýanyň netijesinde, çölüň jümmüşinde ýa-da deňizlerde peýda bolupdyr. Geliň, dünýäniň iň täsin ýerleri barada gysgaça maglumatlara seredeliň!
Saharanyň gözi: Mawritaniýada ýerleşýän halka görnüşli çykgyt dünýäniň iň owadan geologik täsinlikleriniň biri hasaplanýar. Sahara çölündäki göz şekilli täsin halkany diňe kosmosdan görüp bolýar. Bu halkanyň diametri takmynan 50 km-e barabar. Alymlar bu ýeriň topragyň eroziýasy netijesinde emele gelendigini çaklaýarlar.
Uly gök çukur: Beliz şäherinden 70 km uzaklykda ýerleşýän çukur merjen rifleriniň merkezinde ýerleşýär. Diametri 400 metr bolan tegelek görnüşli çukuryň çuňlugy 124 metre barabardyr. Tegeligiň goýy reňkiniň geografik emele geliş bolup, onuň daş-töwereginiň arasyndaky çuňluk tapawudy bilen baglanyşyklydygy aýdylýar.
«Garagum ýalkymy»: Garagum sährasynyň jümmüşinde ýerleşýän bu täsinlik dünýäniň syýahat edilmeli ýerleriniň hatarynda hemişe öňdäki orunlarda durýar. Iň özboluşly hem-de gaýtalanmajak tebigy ýadygärlikleriň biri hasaplanýan şeýle nokada Ýer ýüzünde başga hiç ýerde duş gelinmeýär. Giň sähranyň merkezindäki ägirt uly alaw gijesine alyslardan görünýär. Onuň golaýyna baranyňda bolsa, jadylaýjy duýgy gaplap alýar. Alawyň ýylylygy daş-töwerege ýaýraýar. Gijeki täsinligi synlan syýahatçylaryň bu görnüşlere haýran galmagy tötänden däldir. Alawyň özboluşly öwüşgini Günüň ýaşýan pursaty altynsow şapagyň şekili bilen utgaşyp, has täsin gözelligi döredýär. «Garagum ýalkymy» tebigy gaz ýatagy bolup, ol 1970-nji ýyllarda gözleg işleri alnyp barlanda, topragyň opurylmagy netijesinde emele gelipdir. Oýlugyň diametri 69 metre we çuňlugy 30 metre barabardyr.
Erebus buz gaýalary: dünýäniň iň sowuk yklymy bolan Antarktidada buzdan emele gelen täsin gaýalar bar. Boýy 20 metre ýetýän bu gaýalar ýitip barýan wulkanyň bölekleri hasaplanýar. Bu ýerden ýüze çykan lawa akymlary, Saturnyň, Ýupiteriň we Neptunyň üstündäki şekillere çalym edýär. Dünýäniň iň gurak ýeri bolan Antarktidanyň käbir ýerlerinde 2 million ýyl bäri hiç hili ýagyn ýagmandyr.
Gamyş tüýdük gowagy: Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Guýilin şäheriniň merkezinden, takmynan, 6 km uzaklykda ýerleşýän gowak gadymylygy bilen tapawutlanýar. 180 million ýyl ozal emele gelendigi çaklanylýan gowagyň çuňlugy 240 metre ýetýär. Şeýle-de bolsa onuň içi o diýen garaňky däl. Sebäbi, Gün şöhlesi gowagyň içine depeden göni düşýär. Gowagyň diwarlaryndaky reňkli daşlar şöhläni yza serpikdirip, ýagtylandyrýar hem-de jadylaýjy tebigy gözelligi emele getirýär. Bu ýer 1940-njy ýyla çenli näbelli bolupdyr. Häzirki wagtda Guýilin sebiti iň köp syýahatçylyk edilýän merkezleriň birine öwrüldi. Bu gowak «tebigy sungat köşgi» diýlip atlandyrylýar. Reňkli öwüşginleri bilen tapawutlanýan köşgüň içki gurluşy gamyş tüýdüge meňzeş bolansoň, şeýle atlandyrylypdyr.
Daş tokaýy: Madagaskar adasynyň günbataryndaky Melaky sebitinde ýerleşýär täsin «tokaý» millionlarça ýyllyk eroziýalaryň netijesinde gorizontal we wertikal geologik gurluşlar hökmünde ýüze çykypdyr. Bu düzlük iňňe uçlary ýaly gaty ýiti we uçly gaýalardan we gowaklardan ybarat. Bu täsin sebit ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy hökmünde hasaba alyndy. Tokaýyň uzynlygy 666 km-dir. Bu geografik sebit haýwanat dünýäsine o diýen baý däl.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.