Ýaş zenanyñ elhenç ruhy" Hekaýa (1-nji bolumi)

Maña hekaýany garry bir ors ofiseri gürrüñ berdi. Ol ofiser zordan demini almak bilen, gaty çylşyrymly gürrüñ berdi. Arasynda öz-özi ''Ana geldi öýdýän, bar kowaýda'' diýip kemiş-kemiş edip aglap gözlerini balkyldadýardy. Bu garry ofiser bir mahallar hassahananyñ ýerzemininde bir zenanyñ jesedini çykaryşmaly bolanlaryñ arasynda bolupdyr. Şonda ol göterilip getirilýän jesediñ ýanynda däl-de çykalga gapynyñ deñesine, jesetden ep-esli ara daşlykda duran eken. Jesedi iki adam alyp çykýar. Onuñ yz ýanynda bir-iki sany detektiw bar eken. Birdenem koridorda näbelli ýerden, ýürekýargynç eşidilen zenanyñ sesine gorkup jesedi ellerinden gaçyrýarlar. Soñra bu wakany gürrüñ beren adam bolsa gulaklaryny elleri bilen ýapyp daş çykypdyr. Içinde jesedi göterip gelýänlere kesel degip etleri dökülip, süýşenekläp çykyp bilmän ölýärler. Olaryñ arasynda bolsa diñe maña şu zatlary gürrüñ beren ýaşuly diri galypdyr. ✵ ✵ ✵ Köçämiziň aňyrsynda köne, ýaşaýjylar taşlap gidilen bir harabalyk bardy. Ol harabalygyň deňesinden kiçiräk wagtymam geçmäge gorkýardym. Şäherçämiziň ýaşaýjylary hem şonuň gabadyndaky köçeden geçmäge çekinýär ekenler. Şeýle bolansoň ol ýerlerdäki harabalyk ýykylmandyram, şol durşyna içindäki atam-babam döwründen galan goş-golamlaram kerepdir çaň-tozan basyp ýatypdyr. Hiç kim hiç zadyna el degirip bilmändir. Käbirleri bu ýerde adam awlap iýýän ganhor zenan ýaşaýar diýseler, kä birleri bu ýerde erbet şepagat uýasynyň zyýan getiriji ruhy ýaşaýar hem diýýärdiler. Sebäbi hökümet edaralarynyň işgärleri hem bu jelegaýlardan netije tapman hemme işi goý bolsun edip şol ýeke binanyň derwezesine gulp asyp, zynjyrlamak bilen çäklendiler. Aýtmaklaryna görä Sowet döwründe bu bina döwlet hassahanasy bolupdyr eken. Şäherçe ol wagtlar oba kalhoz eken. Wagtynda Zäherlenen, ýokanç keselli, içgeçme ýaly dürli keseller bilen kesellän adamlara däri-derman berip, sanjym berip oba ilatlaryň saglygyny berk göz astynda saklaýan saglyk punkt bolupdyr. Onuň başlygy murtlak daýaw adam eken. ENKWD işgärleri ony dört burç tamyň içinde soraga çekýärler. Aýtmaklaryna görä onuň şol obada öçli, öýkeli duşmany bar eken.
3 лайков 137 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Sahedowa
Автор 23 окт 2023, 22:37
Haladynmy Diamante instadan aldym
Diamante
23 окт 2023, 22:40
Sahedowa,
Gaty gowy eken sag bol 2 nji bolume garaşyan sabrsyzlyk bilen)
Azasdym.
24 окт 2023, 08:54
Dowamynam tiz wagytda goyarsynda gyzykdym.
Hekaya yazmana ozunem synanysyp gorsen kem bolmajak yalyla.