Söhbet Döwletow ,,3 aý mensiz nädip ýaşadyň?''


Entägem ýürekde durandyr adyň,
Aýdaý, 3 aý mensiz nädip ýaşadyň?
Söýgiň 5 harpyna laýyk gözleriň,
Meni görmän 3 aý nädip ýaşadyň?

Kemsindim deň-duşlam, söýüşen wagty,
Seniň bilen arzuw etdim ak bagty,
Meniň ýolum tümlük, seniňki ýagty,
Ýeke özüň 3 aý nädip ýaşadyň?

Gowmyň mensiz, hal-ahwalyň nähili,
Agyr degdi giden günüň birhili,
Eştdim tapynypsyň, täze söýgüli,
Söýen gyzym mensiz, nädip ýaşadyň?

Ejeň ýalan gep-sözüne gidipsiň,
Meni kert gaýadan, özüň itipsiň,
Gidip, gürrüň-gybatymy edipsiň,
Sora menden sora, nädip ýaşadyň?

Gowy gyzdyň, mendekäň sen bilýäňmi,
Bu gün ýigrenýäniň bilen gülýäňmi,
Täze ýaryñ meniň ýaly söýýämi,
Gürle namart mensiz, nädip ýaşadyň?

Seniň bagtyň üçin gitmekçidim men,
Ýöne şol wagt meni goýbermediň sen,
,,Baý garyba hijem ýar bolmaz’’ däl geň,
Baý maşgalaň gyzy, nädip ýaşadyň?

Bolýar, men utuldym, senem utansyň,
Men däl, haram pula ýaşan utansyn,
Sen baý diýip, gidenimde tutansyň,
Tutan ýarym mensiz, nädip ýaşadyň?

Indi özgerdil-e, söýen Söhbediň,
Meniň päk söýgümi, bir sen görmediň,
Edil meniň söýşüm ýaly söýmediň,
Söz beren namardym, nädip ýaşadyň?

Awtory: Söhbet Döwletow 25.05.2021
14 лайков 74 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.