SÖÝGÜLIMI MENDEN ALAN GOŇŞYM (BOLAN WAKA-ÖZ DILINDEN ÝAZYLAN)

SÖÝGÜLIMI MENDEN ALAN GOŇŞYM(BOLAN WAKA-ÖZ DILINDEN ÝAZYLAN)
1-nji bölüm
Men okuwda okaýakam özümden kiçi iki sany gyz bilen joradym. Biri Uzuk birem Ogulbibidi. Uzuk meniň goňşym. Ýöne Ogulbibi bilen has ýakyndyk. Gyş günleridi. Ogulbibiň ejesi bilen kakasy KÄBÄ gitdiler. Ýagny HAJA gitdiler. Ogulbibiň gelnejesiniň ýaş bäbejigi bolansoň howa sowuk diýip şäherdäki jaýlarynda bolýadylar. Ejesi kakasy KÄBEDEN gelensoň sadaka üçin oba geljeklerini aýdyp meni hem şähere gezmäne çagyrdy. Bir gün kakamdan rugsat alyp menem Ogulbibilere gitdim. Ogulbibi ikimiz biriksek dünýäni unutýadyk. Şadyýandyk. Ogulbibileň ýanlarynda iki etaž edilen bazar bady. Öýläniräk iki bolup bazara aýlanmana gitdik. Ondan mundan prikol tutuşup geçene at dakyşyp gülüşip hezil edip aýlandyk. Soň biz telefonuň zatlaryny satýan gyzyň ýanynda durduk. Tanamasagam oň bilenem gürleşip gülüşüp durduk. Olam biz ýaly degişgen eken. Soň biz meňzeş telefon salynýan gapjyk aldyk. Telefona dakylýan brilok almakçy bolduk. Harplar bilen bezelenler kändi ýöne O harplysy ýokdy. Meňem adym Suraý bolansoň S harplyny aldym. Ogulbibäde seňem telefonuň samsung senem S harp alaý diýip şony aldyrdym. Alyp bolanymyzdan soňam ol gyz bilen gülüşip durduk. Edil gapdalynda iki sany oglanam eşik satyp duran eken. Şolaryň biri bizi synlap duran eken. Ahyry ol oglan dillendi:
-Bägül joralaň bilen tanyşdyrsana diýdi. Satyjyň ady Bägülmiş. Bägülem:
-Meň klentlem bilen işiň bolmasyn men seň klentleňňe azar beremoga diýdi. Şondan soň biziň gülkümiz galdy. Ýüzümize suw sepilene döndük. Soň biz ýuwaşjadan sagbollaşyp o taýdan gaýdyp başladyk. Ýaňky oglanam yzymyzdan gygyryp öz nomerini aýtdy.:
-Içiňiz gyssa gülüşmek isleseňiz şu nomere aýlaýyň diýip gygyrdy. Olwagtlar MTS nomerdi. Häzirki ýaly ýadymda 866-07-35-36. Meň ýadymda galdy şo wagt gygyrandada. Biz bazardan çykyp eslije ýöredik. Sykylyk sesi boldy. Ogulbibi yzyna bakdyda:
-Suraý oňa seret diýdi.
Seretsem ýaňky oglan bazaryň ikinji etažyna çykypdyrda bize sykylyk atýa. Eli bilenem maňa jaň et diýip hereket etýä. Ogulbibem özüni görkezip menmi diýdi wn olam ýok diýip meni görkezdi. Menem ýaňky oglana gel diýip elimi buladym. Gelerem öýtmedim. Gülmek üçin etdim ýöne ol çyny bilen gaýtdy. Menem Ogulbibiň elinden tutup:
-Gyw o samsyga gelýä gaçaly diýip haýdap ýöräp ugradyk. Olam bizden beter ylgaýa. Ahyry yzymyzdan ýetdi. Öňüme geçdide.:
-Nomeriňi beräý meni taşlap gitmäý. Adyňa S harpdan gelýän eken brilok alaňda eştdim diýdi. Ýenede nomerini aýtdy. Meňem nomerimi sorady menem bermedim. Adymy sorady Sona diýdim. Sebäbi S harpdan at aýtmalydym. Nomerini belledim we özüm jaň ederin diýdimde oglandan daşlaşdym. Ýene yzymdan gygyrdyda:
-Hökman jaň et garaşaryn diýdi. Ogulbibilere geldik. Giçlik boldy. Ikimiziňem içimiz gysýa. Howada sowuk bolansoň daşarygam çykyp bolanokdy. Ogulbibem:
-Hälki oglana jaň edeli diýdi. Men ilki boýun gaçyrdym. Soňam razylaşyp jaň etdim.....

Dowamy bar ..... 10 likeden soň
3 лайков 1 417 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Yusup
21 фев 2023, 12:24
bu hekaya un +10 az bolya. +9 alsanam dowamyny goyaymagyn. +9 alyp dowamyny goydugyn moderatorlara aydyp pozdyrdaryn. Onun bilenem chaklenman ishan molla tapyp dogaladaryn. Icim sowaman yenede Iceri ishler ministrliginin Jemagat howpsuzlygy bolumine (JHB) arz ederin. Onun bilenem kanagat etman Turkmenistanyn Saglygy gorayysh we Derman Senagaty ministrligine degishli bolan Enanin we chaganyn saglygy gorayysh merkezinin Chaga dogrum boluminin uly Ginekology we onun komekchisi kici Akusherka aydyp burgy tutdyryan ukolyny urdyrdaryn +10 bolmanka dowamyny goyaysan.
Ayjahan
Автор 21 фев 2023, 12:32
Seksopotolog..........

"+9 alyp dowamyny goydugyn moderatorlara aydyp pozdyrdaryn. "
Meni diňläp gormedik medaratorlar seni nädip diňlesin?
Aylale
21 фев 2023, 12:41
Meni bu hekayany okadym icqda
Гость
21 фев 2023, 13:09
Seksopotolog..........
bu hekaya un +10 az bolya. +9 alsanam dowamyny goyaymagyn. +9 alyp dowamyny goydugyn moderatorlara aydyp pozdyrdaryn. Onun bilenem chaklenman ishan molla tapyp dogaladaryn. Icim sowaman yenede Iceri ishler ministrliginin Jemagat howpsuzlygy bolumine (JHB) arz ederin. Onun bilenem kanagat etman Turkmenistanyn Saglygy gorayysh we Derman Senagaty ministrligine degishli bolan Enanin we chaganyn saglygy gorayysh merkezinin Chaga dogrum boluminin uly Ginekology we onun komekchisi kici Akusherka aydyp burgy tutdyryan ukolyny urdyrdaryn +10 bolmanka dowamyny goyaysan.

))
Гость
21 фев 2023, 13:10
Ýaş gyzlaň (köpüsiniň) nähili ýeňilkelledigini suratlandyrýan gowy hekaýa eken
Massimus
21 фев 2023, 13:28
Nomeri gygyranda ýadynda galaýypdyr-aý. Bäh bu usul mend-ä netije berenokdy. Ýa maňa pamýaty pesräk gyzlar sataşdymyka.
ADMINJAN! şu mowzuga özüm 10 laýk goýaýynda. Eşitýäňmi, ýekeje gezek şeýdäýdä (aýdaýözüň)
Suraý ol oglana jaň edip näme diýdikä, gaty bilesim gelýädä.
DonMaxx
21 фев 2023, 13:34
oz yakan oduma goñsym dusdi
Belki
21 фев 2023, 14:18
Ýolda-yzda oglanlar gygyryp nomer aýdanlarynda "Samsyg-aý şular. Heý, şol nomere jañ etjek gyz bolarmy? " diýýärdim. Bar eken-ä asyl ))
Gauzen
21 фев 2023, 16:33
Belki
Ýolda-yzda oglanlar gygyryp nomer aýdanlarynda "Samsyg-aý şular. Heý, şol nomere jañ etjek gyz bolarmy? " diýýärdim. Bar eken-ä asyl ))

"Ýagşy niýet, ýarym döwlet" hihi
Perman Izakow
21 фев 2023, 22:50
3nji böliminde çagalary bolýandyr hä ?.
Dowamyny goýaýyň
Ayjahan
Автор 22 фев 2023, 21:22
Devil_queen
Meni bu hekayany okadym icqda

Bilyasle ozalam sen icqdan cykmaysyny)) mowzuklandan belli (icq girmeyanler ucin goydum)