Palçy gelin (A.T)
Sözüň gudratyna baş egdiren ýene bir waka boldy. Geçen hepdäniň içinde Kakajan Açyl özi aýtmyşlaýyn, biziň başymyzy üýşürdi. Ogly Myradyň “Aşgabat” kinokonsert merkezindäki kafesinde Atamytat Atabaý, Atajan Tagan, Nurgeldi Aşyrmämmedow hemem meni çagyryp, agşamlyk zyýapadyny ýapdy.
Ikinji gatdaky aýlawly foýe-giň eýwanda güýzüň agşamara jana ýakymly howasynda hezil edip oturdyk, iýip-içdik, esasy gürrüň ýazyjy-şahyrlar, edebiýat hakda boldy, garaz, göwün solpusyndan çykdyk.
Bir garaşylmadyk geň wakaýa boldy. Bir oglan pessaý heňde rus, käte iňlis, ispan dilinde aýdym aýdyp durdy. Şenbe gününiň agşamarasy bolansow, dynç almaga, iüp-içmäge gelen märeke ýetik. Keýpi gowy göterilen Atajan Tagan ker gulagy bilen sazam, aýdymam ýetik eşidip oturan bolmaly. Ara böwşeňlik düşende, ol Kakajan Açyla gatyrak ses bilen ýüzlendi:
-Atdaş, men goşgy okaýsam bolmazmyka?!
-Gatam bolar, oturanlar hezil ederler.
Şeýle diýip, Kakajan turup gitdi-de, mikrofony getirip Atajanyň eline tutdurdy. Oturyp okamagy uslyp görmedik Atajan ýerinden turdy-da, rus dilinde “Dostlarym, ömez diýiň, maňa!”, “Palçy gelin” goşgularyny, soňam soňky goşgyny türkmençe okady. Gözüňiz bilen görmeseňiz ynanmarsyňyz, oturanlar, hat-da göçgünliräk oturan ýaş-ýeleňlerem diňe gulaga öwrüläýdiler. Okap boldam weli, şeýle bir çapak çalyndy weli, aşakda geçip barýanlaram aýak çekäýdiler gerek. Gapdaldaky stolda oturan uzyndan deşli bir ýigit gelip, ony gujaklady:
-Agam, ýene-de okasana!
Eýýäm ýerine geçen Atajan ýarym degişmeli söz urdy:
-Ýaşgşy ýigit, az bolsa, hem süýji, hem gadyrly bolýandyr.
Edil gabatda iki sany najyja gyz otyrdy näz-kereşme bolup. Şolaryň gepiksije biri ofisiant-hyzmat edýän oglanlaryň birini çagyryp, “Şol goşgy okan ýaşulynyň kimdigini anyklap gelsene, biz soraýar diýip aýdaýyň” diýipdir. Bu hereketi assyryn synlap oturan zaňňar Atajan ker ol ýigit gelip ýetäýmänkä, eýýäm wizitkasyny somlady:
-Me eltip ber, inim, hiç bolmanda trubkada näzijek seslerini eşidip bir ýaýnaýyn.
Biz gülüşdik. Hä-äý, ýaş segseni semeläp ýörkä-de, göwün garramaýan borly.
6.09. 2018.
Gurbannazar Orazgulyýew
çeşme:
Göwündäki gündelik -6. kitapçydan nusgalyndy

8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.