Söýgi

Bir gün bir aýal maşgala öýünden
daşary çykanynda üç sany
aksakgal ýaşulyny gördi. Ol:
Ýaşulular, siz ajygansyňyz,
öýümize giriň, size nahar hödür
edeýin diýdi.
Ýaşulularyň biri ol aýaldan ýan
ýoldaşynyň nirededigini sorady.
Ol aýal ýoldaşynyň öýde
ýokdugyny aýtdy. Onda ýaşuly:
Ýoldaşyňyz öýde ýok bolsa, biz
siziň öýüňize girip bilmeris
diýdi.
Agşam adamsy gelende ol aýal üç
ýaşuly barada ýoldaşyna gürrüň
berdi. Adamsy hem: Daşary
seredip gör. Eger olar daşarda
oturan bolsalar, olary nahara
çagyr diýdi.Ol aýal ýaşululary
görüp, olaryň ýanyna bardy we
Indi ýoldaşym geldi.Haýyş
edýärin, öýe girip bize myhman
bolaýyň-da diýdi. Onda ol
ýaşululardan biri: Biz üçimiz bile
hiç bir öýe girmeris. Sag
tarapymdaky daýyň Baýlyk, çep
tarapymdaky Üstünlik, men
bolsa Söýgi. Öýüňize üçimizden
diňe birimiz girip bileris. Gidip
ýoldaşyňyz bilen maslahatlaşyň
we haýsy hem bolsa birimizi
myhmançylyga kabul ediň diýdi.
Ol aýal öýüne girdi we bar bolup
geçenleri adamsyna gürrüň
berdi. Är-aýal maslahatlaşyp,
söýgini çagyrmagy makul bildiler.
Ol aýal daşary çykdy-da, Söýgi
atly ýaşulyny myhmançylyga
çagyrdy. Söýgi ýerinden turup,
ýöremäge başlady. Yzyndan
Baýlyk we Üstünlik hem
ýöräp başlady. Ol aýal:
Biz diňe söýgini çagyrdyk
ahyryn, siz näme üçin
gelýärsiňiz? diýip sorady. Onda
olar jogap berdiler:
Eger siz diňe üstünligi ýa-da
baýlygy çagyran bolsadyňyz,
beýleki ikisi size barmazdy. Emma
siz söýgini çagyrdyňyz. Bu
ýagdaýda üçimiz hem gelmeli
bolduk diýdiler. Aýalyň Näme
üçin? diýen soragyna olar
Sebäbi söýginiň bar ýerinde
baýlyk we üstünlik hem
bolýandyr diýip jogap berdiler.
3 лайков 126 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ýury
07 авг 2021, 20:11
Lik
Şeker
07 авг 2021, 23:20
Like