Erkek kişi
Bir kişi maşyna münjek bolanda
Bir kişi maşynyň gapysyn açdy.
Soňam ýapdy.
Ýaranjaňlykdan ýaňa
Agşama çen bendäň ysgyny gaçdy.
Şudy onuň bar işi.
Ikisem erkek kişi!
Bir kişi bar, iliň-günüň emlägin
Gije-gündiz öz öýüne daşaýar.
Biri onuň yzyn basyrmak üçin
Çotun kakyp, ýeňsesini gaşaýar.
Şudy olaň bar işi,
Ikisem erkek kişi!
Bir beýik kürsüde oturan kişi
Elini uzadyp göge ýetirýär.
Biri işgärleriň ähli gürrüňin
Gylyn gymyldatman oňa ýetirýär.
Şudy onuň bar işi,
Ikisem erkek kişi!
Sona Ýazowa
Bir kişi maşynyň gapysyn açdy.
Soňam ýapdy.
Ýaranjaňlykdan ýaňa
Agşama çen bendäň ysgyny gaçdy.
Şudy onuň bar işi.
Ikisem erkek kişi!
Bir kişi bar, iliň-günüň emlägin
Gije-gündiz öz öýüne daşaýar.
Biri onuň yzyn basyrmak üçin
Çotun kakyp, ýeňsesini gaşaýar.
Şudy olaň bar işi,
Ikisem erkek kişi!
Bir beýik kürsüde oturan kişi
Elini uzadyp göge ýetirýär.
Biri işgärleriň ähli gürrüňin
Gylyn gymyldatman oňa ýetirýär.
Şudy onuň bar işi,
Ikisem erkek kişi!
Sona Ýazowa
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.