Gije tokaýlykda

Bir garry aýal gije gatlyşandan soňra myhman alynan öýünden öz obasyna aşmak üçin ýola çykypdyr. Az ýöräp köp ýöräp tokaýlyga aralaşypdyr. Tokaýlykda bolsa bir aýala gabat gelýär. Ol aýal obasyna aşmakçy bolýan aýalyň açmy ýa aç dälmi, bilmek üçin ýagdaýlaryny sorapdyr. Halys surnugyp pyýada gelýän aýal açdygyny aýdanyndan soň, beýleki aýal tokaýlygyň bir ýerinde baýramçylyk bellenýändigini aýdyp, garşysyndaky ýadaw aýala mürähet edipdir. Bu aýal uly höwes bilen kabul edipdir. Bular tokaýyň içi bilen gürrüňdeş bolup şol ýere barýarlar. Baýramçylygyň bolup duran ýerinde, ortarada uly ot ýakylyp, daş-töwereginde taýýarlanylyp goýulan lezzetli tagamlar, naharlar barmyş. Bu ikisi saçak başyna geçip oturýarlar... Mürähet edilen zenan haçanda eline bir dogramça et alyp ''bismillä'' diýeninde, ýanyndaky ýaňky heleý bilen beýleki baýramçylygy belläp duranlar birden ýom-ýok bolupdyrlar. Bu zatlara haýran galan aýal bolsa ýanyp duran oduň hem köze öwrülendigine-de şaýat bolupdyr...


Hakan Ince

Terjime: Jeksparro
5 лайков 197 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
21 июн 2021, 19:04
Bah
Нежная леди
21 июн 2021, 19:44
Waýýý...
Şamuhammet
Автор 21 июн 2021, 20:10
Нежная леди,
Gorkma ýanynda bara men! ?
Нежная леди
21 июн 2021, 20:24
Jeksparro, aha hoş...
Şamuhammet
Автор 21 июн 2021, 20:28
Нежная леди,
???